Lexus kompaniýasy şu ýylyň awgust aýynda özüniň meşhur LC kupesini we kabrioletini önümçilikden aýyrýar. Bu barada «Road & Track» neşiri brendiň ABŞ-nyň dilerlerine ugradan resmi hatyna salgylanyp habar berýär. «Lexus LC 500 modeliniň önümçiligi 2026-njy model ýylyndan soň resmi taýdan bes ediler. Lexus müşderilerimiziň isleglerini we bazaryň talaplaryny kanagatlandyrmak üçin öz model hataryny we strategiýasyny yzygiderli seljerip durýar» — diýip, markanyň wekilhanasynda düşündiriş berdiler. Bazarda bolan 9 ýylynyň dowamynda bu modelden jemi 15 000 nusga satyldy. Häzirki wagtda satuwda diňe atmosferaly V8 hereketlendirijili wersiýalary galdy, gibrid nusgalary bolsa eýýäm satuwdan aýryldy. Dekabr aýynda tanyşdyrylan täze nesil elektrikli LFA superkary bu modeliň ornuny tutar diýlip garaşylýar. Emma täze ulagyň tehniki häsiýetnamalary häzirlikçe gizlin saklanýar. Geçen tomusda brend Ýaponiýanyň içerki bazary üçin bu modeliň «Pinnacle» diýlip atlandyrylan iň soňky çäkli tapgyryny tanyşdyrypdy. Bu ýörite wersiýa kämilleşdirilen aerodinamikasy we döwrebaplaşdyrylan hereketlendiriji bölümi (şassisi) bilen beýleki nusgalardan tapawutlanýar.