Portugaliýanyň Lorinýan formasiýasynda mundan takmynan 150 million ýyl ozal ýaşan we ozal nämälim bolan Nabia civiscientrix atly örän gadymy amfibiýanyň galyndylary tapyldy. Bu tapyndy dinozawrlaryň döwründen tä iň soňky buzluk eýýamyna çenli ýaşan, az öwrenilen we nesli kesilen Albanerpetontidae toparyna degişlidir. Barlagçylar topary 400-den gowrak süňki, şol sanda kelleçanaklary we oňurgalary ýüze çykardylar. Bu jandaryň ölçegi 5 santimetrden uly bolmandyr. Haýwanyň teňňe hamly derisi, gaty dyrnaklary we özboluşly awçylyk usuly bolupdyr. Jandar häzirki zaman hameleonlary ýaly, awuny tutmak üçin dilini uzak aralyga oklapdyr. Tapyndyny jikme-jik öwrenmek üçin, onuň uzynlygy bir millimetr töweregi bolan iň gowy saklanan nusgalary Londonyň uniwersitet kollejine iberildi. Ekspertler mikrokompýuter tomografiýasynyň kömegi bilen olaryň 3D modellerini döretdiler. Modeller bogun ýüzlerini we gan damarlary üçin deşiklerini anyklamaga mümkinçilik berdi. Netijede Nabia civiscientrix öz maşgalasynyň iň gadymy wekilleriniň biri we häzirki zaman ýer-suwda ýaşaýanlaryň ähli ata-babalary bilen ýakyn garyndaşlyk baglanyşygy bolan jandar hökmünde ykrar edildi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir