29-njy ýanwar — 2-nji fewral aralygynda Tailandda ylym we tehnologiýa dünýäsinde iň abraýly halkara çäreleriniň biri bolan «Ýaşlaryň arasynda ylmy açyşlar we innowasiýalar» bäsleşigi (WYSII 2026) geçirildi. Bäsleşige Malaýziýa, Tailand, Indoneziýa, Filippinler, Italiýa, Gazagystan, Meksika ýaly ýurtlardan, şeýle-de Türkmenistandan 715 talyp we 232 ylmy iş topary gatnaşdy. Bu barada Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti habar berýär. Bäsleşikde ýaş türkmen alymlary üstünlikli çykyş edip, ýokary baýraklara mynasyp boldy. Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň mugallymy Patma Igdyrowa okatmak, barlag, dolandyryş, ýolbaşçylyk ýaly meseleler boýunça çykyş etdi hem-de mandragora ösümliginden biologik işjeň birleşmeleri almagyň usullary boýunça geçiren ylmy barlaglaryny hödürledi. Ol öz işi üçin birbada iki sany ýokary baýraga: ylmy ähmiýeti üçin «GOLD AWARD» altyn medalyna hem-de bilimdäki innowasiýalar üçin ýörite «INTERACT 2026 INNOVATIVE EDUCATOR AWARD» baýragyna mynasyp boldy. Mugallymyň bu üstünligini onuň talyby, uniwersitetiň himiýa we nanotehnologiýalar fakultetiniň üçünji ýyl talyby Mekan Rozymyradow hem dowam etdirdi. Onuň ekologiýa ugrundaky taslamasy — durnukly keratin bioplastik materiallaryny öndürmegiň innowasion usullary — bäsleşigiň «Ekologiýa we durnukly ösüş» ugrunda iň gowy 5 taslamanyň hataryna girdi we Mekana altyn medal getirdi. Şeýle-de, ol bäsleşigiň emin agzalarynyň ýörite baýragy «Panel's Choice Award» bilen sylaglandy. Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we Informatika institutynyň talyplary Jeýhun Jumaşow we Baýnazar Muhammedow hem HeartStep – ilkinji aragatnaşyk endiklerini ösdürmäge kömek edýän taslamasy üçin «Top 5 Awards Gold Medal» hem-de «Best Presentation Award» baýraklary bilen sylaglandy. S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyplary Muhammetaly Hangeldiýew we Yhlas Kurbanow kitaplaryň hilini ýokarlandyrmaga we ýalňyşlyklary düzetmäge gönükdirilen taslamasy üçin «Special Award» we «Gold Award» baýraklaryny aldy. Ýaş alymlaryň bu gazananlary dünýäniň akademiki giňişliginde türkmen hünärmenleriniň zehinini we olaryň başlangyçlarynyň dünýä derejesinde ykrar edilýändigini görkezýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 hour ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir