Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy alymlary we hünärmenleri «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar» atly halkara ylmy maslahatyna gatnaşmaga çagyrýar. Forum 2026-njy ýylyň 12-13-nji iýunynda Aşgabatda geçiriler we Ylymlar gününe bagyşlanar. Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň habar bermegine görä, maslahat utgaşykly görnüşde — ýüzbe-ýüz we onlaýn tertipde geçiriler. Çäräniň iş dilleri türkmen, iňlis we rus dilleri diýlip bellenildi. Maslahatyň ylmy tematiki ugurlary alty sany esasy ugry öz içine alýar: Nanotehnologiýalar, himiki tehnologiýalar, täze materiallary öwrenmek we energetika; Biotehnologiýa, molekulýar biologiýa, oba hojalygy, ekologiýa we genetika; Maglumat we aragatnaşyk ulgamlary, kompýuter tehnologiýalary; Häzirkizaman lukmançylygy we derman serişdelerini öndürmek tehnologiýalary; Innowasion ykdysadyýet; Ynsanperwer ylymlar. Gatnaşmagyň şertleri Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň resmi saýtynda ýerleşdirildi. Gatnaşmak üçin degişli resminamalar, nutuklaryň gysgaça beýanlary we annotasiýalary 31-nji marta çenli kabul edilýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir