Marsyň Ýezero kraterinde gadymy kenarýaka zolagynyň bardygyny tassyklaýan subutnamalar tapyldy. Bu bolsa planetanyň geçmişde dykyz atmosferasynyň bolandygyny görkezýär. Bu barada Londonyň Imperial kollejiniň alymlary habar berýärler. Barlag işleri Perseverance marsohodynyň (marsyň üstünde ýöreýän enjamynyň - roweriniň) bäş ýyllyk işiniň dowamynda ýygnan maglumatlaryna esaslanýar. Eastern Margin Unit (EMU) diýlip atlandyrylýan ýer gadymy kölüň kenar zolagy bolup çykdy. Eňňit çökündi gatlaklary, tegelek çäge däneleri we eroziýa yzlary suw tolkunlarynyň täsirini tassyklaýar. Bu tapyndy kraterdäki suwuň doňmandygyny we şol wagtky atmosferanyň ýel döretmek üçin ýeterlik derejede dykyz bolandygyny subut edýär. Western Margin Unit (WMU) zolagynda karbonatlara we kremniý dioksidine baý bolan magmatik dag jynslary anyklandy. Alymlaryň pikiriçe, bu minerallar gidrotermal çeşmeleriň gatnaşmagynda emele gelipdir. Alymlar bu sebitden alnan «Comet Geyser» nusgasyny mikroskopiki galyndylary (gadymy ýaşaýyş yzlaryny) tapmak üçin iň amatly material hasaplaýarlar. Emma NASA-nyň Marsdan toprak nusgalaryny getirmek baradaky «Mars Sample Return» missiýasy býujetiň çäkden çykmagy sebäpli ýatyryldy. Şol sebäpli ýygnalan gymmatly nusgalar häzirlikçe «Gyzyl planetada» galýar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir