.......

Bugun adamlary herekete getirmek üçin,ertire gowy zatlary wada bermeli.

Eger-de dinde ölümden soň hiç hili direliş bolmanda,dowzah we jennedem bolmanda,umumy adam ölenden soň, ýokluga siňip gidýär diýlende,haýsy adam şol diniň ýörelgesini tutardy."Ölenden soň ýok bolup gitjek bolsam,edenimi edip ýaşap gezeýin"-diýerdi.

...

Dowamy »

571 9
Täzelikler, 2 years ago


.......

Oguzhan türke gidip,ol ýerde ele salynan oljalary ýüklemäge ulag ýetişmezlik edýär.içinde biri araba oýlap tapýar,olar şonça baýlygy araba ýükläp gaýdýarlar.

Alp-Arslan türke gidip,Wizantiýa imeriýasyny ýeňip,oljalar bilen yzyna dolanýar.

Ärtogrul türke gidip,ogly Osman şol ýerde imperiýa gurýar.

Ta...

Dowamy »

662 7
Täzelikler, 2 years ago


.......

Ýazgyt bilen eradaň bir ýere sygyşmajaklygy baradaky pikirlere men 100% goşulýan.

Birnäçe million gyzyň içinden diňe bir gyzy almaga mejbur bolsam,ozaldan şol maňlaýama ýazylan bolsa,onda ol ýerde eradaň hiç hili roly ýok.

Birnäçe million gyzyň içinden bir gyzy özüm saýlap almaly bolsam,öz islegim bilen alsam,onda ol...

Dowamy »

627 7
Täzelikler, 2 years ago


.......

Adamyñ kellesinde döreýän islendik pikir,başga bir antipikirleri döredýär.

Bir adam köpçüligiň üýtgemegine sebäp bolýar.Bir adam bolsa köpçülige görä üýtgemäge mejbur bolýar.

Mysal üçin:Bir gyz toýa ozal hiç kimiň geýmedik matasyndan köýnek tikdirip geýip geldi diýeli,ony toýdaky beýleki gyzlar görüp,edil şol matadan...

Dowamy »

675 13
Täzelikler, 2 years ago


.......

Ilkinji nobatda bir zady aýdyp geçmeli.Adamzat uýgunlaşýan jandar.Yssy bolsun,sowuk bolsun,açlyk bolsun...Parhy ýok,ähli zada uýgunlaşyp gidiberýär.Adama öz göteribiljeginden has artyk agram düşmese ýaşaberýär.Bir ösümligi ýere oturtsaň belli bir wagtdan soň hasyla durýar.Ol näme üçin hasyla durýar?Hasylyň içinde tohum bar.Ösümligiň özi ýok bolup g...

Dowamy »

524 4
Täzelikler, 2 years ago


Hazar99 hakda erteki...

Bir bar eken,bir ýok eken.Gadym döwürde Hazar99 diýen biri bar eken.Ol özüni bilip başlanyndan soň adamlara azar berip başlapdyr.Oňa gahar eden adamlar Hazar99-yň 99 ýerinden pyçak sanjyp öldürüpdirler.Ölenden soň adamlara azar beren adam hökmünde, ony dowzaha salypdyrlar.Ol dowzahdakylara-da gan gusdurupdyr.Dowzahdaky adamlar:"Eý Allahym,ozalky çe...

Dowamy »

759 7
Täzelikler, 2 years ago


.......

Siz dünýäniň iň ökde küştçisi diýeli.Size garşydaş edibem ömründe küşt oýnap görmedik birini goýdular.Size berilen tabşyryk bolsa,şony başlangyç birinji göçümde utmak.Siz şony başaryp bilermidiňiz?!Ýok başaryp bilmezdiňiz.Matematik tarapdan alyp görülende,başlangyç ýeke göçümde utup bilmegiň hiç hili täri ýok.Ýa-da size tabşyryk edip,1+1=3 çykaryp...

Dowamy »

600 8
Täzelikler, 2 years ago


.......

Bir agzamyzyñ belläp geçişi ýaly,dünýäde iň uzak wagt höküm süren döwlet King döwleti däl,Çyn(Çin) döwleti.Türkmenler oňa Çyn-Maçynam diýýäler.
Çyn döwleti eramyzdan öň 247-nji ýylda Çin Şi Huang tarapyndan gurlup, geçen asyryň 1912-nji ýylynda dargaýar.Umumy 2159 ýyl höküm sürýär.Çyn döwleti King(Qing)nesilşalygy döwründe dargaýar.Döwlet 19...

Dowamy »

609 5
Täzelikler, 2 years ago


.......

Hudaýdan gorkýan adam hiç zatdan gorkanok, Hudaýdan gorkmaýan welin, ähli zatdan gorkýar...

Düýbünden ýalňyş teoriýa.Gorkaklyk we batyrlygyň din bilen hiç hili baglanşygy ýok.Ony adamlaryň psihologik ýagdaýlary bilen baglanşdyrmak dogry bolardy.Zandy gorkak bolan adam Hudaýa müň ynanýan bolaýsyn,yzyndan it kowalasa "Allajan" diýip ga...

Dowamy »

733 36
Täzelikler, 2 years ago


.......

Ýewropaly bir gyz bar diýeliň.Ol dogulandan ateistleriň arasynda doguldy.Ene-atasy,dogan-garyndaşy,tutuş tanyş-bilişi ateistdi.Aňy bekäp başlandan oňa "Hudaý ýok"-diýip öwredip başladylar.Gyz şol terbiýe boýunça ulalyp başlady.15-16 ýaşyndan başlap dostlary bilen otuluşyklar gurnady.Oturuşyklarda doslary bilen arkak içdi,çilim çekdi,oglan doslary b...

Dowamy »

713 10
Täzelikler, 2 years ago


.......

Iň soňky gelip gowyşan habarlara görä, @Ýaşalym-dan girýän adamlaryň barsynyň bir daýhan birleşikdendigi anyklanyldy we käbir çaklamalara görä ol oglanlaryň barsy birje telefon ulanýan bolmagy mümkin hem diýilýär.

"Ýaşalyman girýänleriň barysynyň bir daýhan birleşikden girýändigi anyklandy"-diýen pikiriň düýbünden logiki tarapdan...

Dowamy »

592 7
Täzelikler, 2 years ago


.......

Bärde barmak basyp sanaýmaly derejede bolsa-da,aňly-düşünjeli oglan-gyzlaryň barlygynada begenýän. Men durmuşy synlap bir zada göz ýetirdim,häzir biz "ahyrzaman" döwründe ýaşaýarys.Birek-biregi kemsidýäris,ýere sokýarys,üstünden gülýäris.Äjit-mäjide bir ýerden geler diýip garaşmagyň geregi ýok.Ýuwaş-ýuwaşdan özümiz äjit-mäjide öwrülip barýarys,ýuwa...

Dowamy »

668 6
Täzelikler, 2 years ago


.......

Häzirki wagtda telefonlardaky "Google maps" programmasy hemmeler üçin elýeterli.Içine girip gözletseň,öýüň gapdalyna döken bir maşyn daşyňa çenli ýokardan görmek bolýar.Gps-i işledip şäheriň içinden islendik ýeriňi arkaýyn tapyp barsa bolýar.Gerek bolsa barjak ýeriň näçe kilometrdiginem anyklap bolýar.Ylymyň şol derejede ösüp barýanyny öz gözümiz b...

Dowamy »

537 7
Täzelikler, 2 years ago


Biziň kinolara ynansaň

Biziň kinolara ynansaň: Bizde bar adam ak göwün.Erbet niýeli adam ýok.

Biziň kinolara ynansaň:Oglanlaryň 100% kellesi tahýaly molla.Gyzlar bolsa ýatanda-da ýaglygyny aýyrman ýatýan derejede asylly.

Biziň kinolara ynansaň:Oglan-gyzlaryň ýarysy hasarda we joşda işleýär.Ýarysy bolsa bagşy ýa sazanda.

Biziň...

Dowamy »

848 16
Täzelikler, 2 years ago


Adamzadyň geljekgi ewolýutsiýasy.

Monoetniklik

Multimedeniýetlilik-häzirki zaman jemgyýetiniň mazmuny.Şonuň üçin adamlar bir etnik topara ewolýutsiýalanýarlar.Ýagny olar öz etnik toparlarynyň tapwutly taraplaryny ýitirip başlaýar we "millet" diýen söz könelip ýok bolup gidýär.

Immunitediň ejizlemegi.

Adamlaryň hetdan aşa däri-dermanlara...

Dowamy »

651 4
Täzelikler, 3 years ago


Google-de işlemek.

Google öz işgärlerine gaty uly hormat goýýar.Olar üçin mugut nahar,sport zallary,ýokary tehnologiýaly hajathanalar,ofisdäki lukmançylyk hyzmatlary we hat-da şahsy peýdalanmak üçin niýetlenen,uçarmansyz transport ulaglary bilen hem üpjün edýär.

Google işgäriniň ölümünden soň,on ýyl dowamynda onuň aýaly ýa-da söýen gyzy bu mümkünçülik...

Dowamy »

696 3
Täzelikler, 3 years ago


Phenýan-gadagançylyklar şäheri.

Gök reňkli jinsi.

Demirgazyk Koreýa adamlara gök reňkli jinsi geýmegi gadagan edýär.Eger şu görnüşli matadan lybas geýesiňiz gelse,diňe gara reňklisini saýlamaly.Demirgazyk Koreýa hökümetiniň pikrine görä,gök reňkli jinsi halkara imperalizimiň nyşany eken.Emma,bu düzgün syýahatçylara degişli däl.Olar şäheriň içinde gök reňkli jinside...

Dowamy »

745 6
Täzelikler, 3 years ago


Bu-da bir söýgi.

Öýüni täzeden remont etmek islän bir ýapon,öýüň diwarlaryndan birini döwýär.Bu diwaryň arasynda darajyk bir boşluk bolup, bu boşluk iki tagtadan ybaratdy.Döwmek netijesinde daşyndan kakylan çüýe,aýagy gapjalan hažžyga gözi düşýär.Ýapon hažžygy görüp ýüregi bulanýar,emma şol wagt ol,bu barada çuňňur oýa batýar.Hažžygyň aýagyny gapjan çüý,on ýyl mund...

Dowamy »

774 6
Täzelikler, 3 years ago


Degişmeler.

-Alo,bu tiz kömekmi?
-Hawa,tiz kömek.
-Aýalym:"Buratino"-diýip,bakalaşkadaky benzini içip goýupdyr.Indem içi ýanyp,köçede ylgap ýör.
-Alada galmaň!10 kilometrden soň benzini gutarsa,özi öçüp galar.



80 ýaşly garry 18 ýaşly gyza öýlenipdir.Dokuz aýdan soň gelnini raddoma getiripdir.Wraç:

Dowamy »

1044 17
Täzelikler, 3 years ago


Josef Gebbels we onuň nazarýeti.

1945-nji ýylda Gitler hökümetiniň idealogy Jozef Gebbels öz janyna kast edýär.Taryh muňa meňzeş aňa täsir edýän adamy başga hiç wagt görmedi.Gitler nemis halkyny boýun egdirmek we tabyn etmek meselesinde Gebblesden karzdar diýsegem,bärden gaýtdygymyz bolar.

Gebbels tejribeli ministir,dilewar adam bolup,Gitler beýikliginiň esasçylary...

Dowamy »

620 1
Täzelikler, 3 years ago


Näme üçin Stalin Hazar deňzini guratmakçydy?

Sowet Soýuzy döwründe Hazar deňzi guramagy mümkündi.Hazary guratmak pikiri 1952-nji ýylda Staliniň kellesine gelýär.Munuň esasy sebäbi,Hazar deňziniň düýbünden uly möçberde nebit gazyp almak mümkünçüliginiň barlygydy.Munuň üçin bolsa Hazary guratmalydy.Stalin onuň suwlaryny kannallar arkaly,Gazagystanyň çöllerine akdyryp guratmakçydy.Emma munuň üçi...

Dowamy »

719 6
Täzelikler, 3 years ago


Logiki sorag.

Hojaýyn öz hyzmatkärini ýanyna çagyryp,özi ölenden soň baýlygynyň bir bölegini oňa miras goýjagyny aýdýar.Hojaýyn ýene bir zat aýdar welin,hyzmatkär onuň uzak ýaşamagyny diläp gezýär.Hojaýynyň tiziräk ölüm tapmagy,hyzmatkär üçin bähbit dälmi nä?
Sorag:Hyzmatkäriň uzak ömür dilemegine sebäp bolar ýaly,hojaýyn oňa näme diýipdi?

Dowamy »

858 4
Täzelikler, 3 years ago


Şimpanzeler barada

1. Şimpanzeleriň iň iri görnüşi Tanzaniýada ýaşaýar.


2.Adam DNK-sy,şimpanze DNK-sy bilen 99% meňzeş.


3.Şimpanzeler ortaça 50 ýyl we ondanam köpräk ýaşaýarlar.


4.Şimpanze aýnadaky keşbini tanaýan, ýeke-täk maýmynyň görnüşidir.


5.Başga bir adam ýa-da maýmyn pa...

Dowamy »

757 12
Täzelikler, 3 years ago


Aý bolýada

Hanture!Meniñ saña duşmançylygym ýok.Men diňe bar zada ylmy tarapdan jogap alasym gelýär."Aldasaňam ynanarly edip alda"-diýýälerä.Belki NASA bizi aldaýandyr.Bu bolup biljek zat.Emma olaryňam köp zady takmyn,takmyndygynam boýun alýalar.Ýöne olaram çem gelen zady aýdanoklar.Ýörüte ylmy konfrensiýalar,ýygnaklar geçirip logiki tarapdan dogry hasap edil...

Dowamy »

749 8
Täzelikler, 3 years ago


Ýene-de käbir zatlar

Hanture şeýle sorag beripdim:"Ýeriň diametri näçe?"Ol bolsa maňa şeýle jogap berdi:"Tekiz ýerdede, togalakdada ýeriň diametri, 12,742 km."

Geliň indi diametri birmeňzeş iki globusy alalyň,olaryň birini orta arsyndan deň ikä böleliň!Ýarty bölek şonda disk şekilli gümmeze meňzeýär.Togalak globusdaky materikleri kesip alyp şo durşuna,g...

Dowamy »

691 8
Täzelikler, 3 years ago