Häzirki wagtda telefonlardaky "Google maps" programmasy hemmeler üçin elýeterli.Içine girip gözletseň,öýüň gapdalyna döken bir maşyn daşyňa çenli ýokardan görmek bolýar.Gps-i işledip şäheriň içinden islendik ýeriňi arkaýyn tapyp barsa bolýar.Gerek bolsa barjak ýeriň näçe kilometrdiginem anyklap bolýar.Ylymyň şol derejede ösüp barýanyny öz gözümiz bilen görüp duran wagtymyz,täsinden-täsin teoriýalary tapyp,adamlaryň aňyny bulaşdyrmaga synanyşýaňyz.Tekiz ýerçiler Google mapsa meňzeş bir programnany döredip bilerlermi?Meniň pikrimçe ýok.Ony döretmek üçin takyk we anyk ölçegler gerek.Oňa meňzeş programma oýlap tapanlary bilenem Gps satyp goýardy.Ýalňyş kartany gpsem takyk görkezmeýär. Tekiz ýerçiler adamlary ýaňy bir ynandyryp başlaýarlar welin,ters köçelere alyp girýärler.Mysal üçin:Güni asmana emeli usulda galdyranmyşlar ýa-da günüň tempraturasy +10+15° eken.Onsoňam ylym bizi näme üçin aldasyn?Aldamakdan olara çigit ýaly peýda ýok.Biz şol ylyma "ýalan" diýip otursak,biz oturan ýerimizde oturup galyberýäs.Biz häzirem ösen ýurtlardan yzda galýarys,iň bolmanda bir yzyna eýermage synanyşjak bolmaly.Biz bärde ýeriň üstünde jedelleşýän wagtymyz,ösen ýurtlarda ýaşlar inawatsion tehonologiýalaryň üstünde kelle döwýär.Biz diňe jedelleşmäni we sögüşmäni oňarýas.Üsti-üstüne gybatam ýatdan çykarmaly däl.Şonuň üçin bizde NASA ýok,Hollywood ýok,dünýä derejesinde güýçli futbol komanda ýok.

Täzelikler, Dowsypat00 tarapyndan 2 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir