Siz dünýäniň iň ökde küştçisi diýeli.Size garşydaş edibem ömründe küşt oýnap görmedik birini goýdular.Size berilen tabşyryk bolsa,şony başlangyç birinji göçümde utmak.Siz şony başaryp bilermidiňiz?!Ýok başaryp bilmezdiňiz.Matematik tarapdan alyp görülende,başlangyç ýeke göçümde utup bilmegiň hiç hili täri ýok.Ýa-da size tabşyryk edip,1+1=3 çykaryp beriň diýdiler we siz şol netijäni nähili ýol bilen çykaryp bileniňizi düşündirip bermeli hem bolsaňyz,siz ony başaryp bilermidiňiz?!Elbetde şol netijäni çykarmagyň hiç hili täri ýok.1+1=diňe 2 sanyny kabul edip bilýär.

Ýene küşt oýnuna gaýdyp geleliň!Indi küşt oýnunda meniň garşydaşym Hudaý.Ilki göçüm etmek Hudaýyňky diýeli we Hudaý meni diňe başlangyç bir göçümde ýeňip bilmeli.Men heniz göçüm etmezden ýeňilmeli.Küşt oýnunda bir tarapda 16 figura bolýar we şonuň haýsyny bir gezek göçseňde garşydaşyňy ýeňip bolmaýar.Hudaýyň akly,bilimi,gudraty çäksiz bolany bilen hem,küşt oýnunyň göçümleri çäkli we ol şol bir çäginden aňry çykyp bilenok.Gysgaça aýdanda hiç hili ýol bilen küşt oýnunda bir göçümde garşydaşyňy ýeňmek,bu asla mümkün zat däl diýleni.

Siziň ýazgyt diýen pikirleriňizi sadaja düşündirsem,siz ýazgydy edil 1+1=3 çykýar diýen ýaly düşündirýäňiz.Emma şol 3 nähili ýol bilen çykýanyny düşündirip bilmeýäňiz.Ol 3 sanyny agyzda çykýar diýmek aňsat,ýöne formula we matematikaň üsti bilen asla mümkün zat däl.

Men size ýönekeý mysallar getirdim.Ýone şeýlebir çylşyrymly mysallar bar.Çäksiz akyl eýesi bolsaňyzam,ol mysallary öz çözüliş kanunyndan başga ýol bilen çözmek asla mümkün zat däl.Bir kanundan başga kanunlary hiç wagt kabul etmeýär.

Dünýänin iň güýçli alymlaram öz açyşlaryny 1+1=2 ýaly matematiky hasaplamalaryň üsti bilen amala aşyrýarlar.Sebäbi 1+1=3 bu mümkün däl diýmeklik.

Size ýene bir tabşyryk berseler.Siz Eýranda dursynyz we size Özbegistana pyýada barmak tabşyryldy.Ýöne siz ne Türkmenistanyň üstünden,ne Owganystan,Gyrgyzystan,Täjigistan,Gazagystanyň üsti bilen baryp bileňizok.Şol sanalan döwletleriň üstünden geçmezden,siz çäksiz akylly bolsaňyzam barmagyň hiç usuly ýok.Siz Özbegistanyň üstüne diňe sanalan döwletleriň içinden geçip baryp bilýäňiz.Sanap otursaň dünýäde gaty köp zatlar matematik tarapdan asla mümkün däl.Ýöne siz agzyňyzy doldurup:"Mümkün däl zadyň özi ýok"-diýýäňizdä.

Täzelikler, Dowsypat00 tarapyndan 2 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir