Ýewropaly bir gyz bar diýeliň.Ol dogulandan ateistleriň arasynda doguldy.Ene-atasy,dogan-garyndaşy,tutuş tanyş-bilişi ateistdi.Aňy bekäp başlandan oňa "Hudaý ýok"-diýip öwredip başladylar.Gyz şol terbiýe boýunça ulalyp başlady.15-16 ýaşyndan başlap dostlary bilen otuluşyklar gurnady.Oturuşyklarda doslary bilen arkak içdi,çilim çekdi,oglan doslary bilen jynsy gatnaşykda boldy.Aý garaz dostlarynyň edenini etdi.17 ýaşynda-da tarpa-taýyn ýogaldy.Sorag:17 ýyllyk nädogry durmuşy üçin,şol gyzy ebedi dowzahda ýakmaklyk dogrumy?Ebedi azaba duçar ediljek bolsa,şol adam dünýä inenden inmedigi gowy dälmi?Mysal üçin:Maňa 50 ýyl ömür berildi diýeli.Adam bolsaň günä işlerden saklanyp bolýarmy?Birde saklansaň,birde saklanyp bolonok.Şol günälerim üçin 5000 ýyl dowzahda ýanmaly bolsam,maňa 50 ýyl ýaşandan ne peýda?Maňa:"Seni dünýä indireli,50 ýyl ömür bereli,ýöne ölenden soň ebedi dowzahda ýanmaly bolýaň"-diýseler,men şol 50 ýyl ömür gerek däl diýerdim.Ozalam dünýä inýänçäm näçe müň ýyl hiç zady bilman ýatdym,otda ýanandan ebedi bilmän ýatanym gowy diýerdim.Uzak ýyllar otda azap çekip ýatandan,azapsyz hiç zady bilman ýatanyň gowy dälmi eýsem?

Adam ata şeýtan tarapyndan aldanyp jennetden kowuldy diýilýär.Hudaý şeýtanyň Adam atany aldajagyny öňünden bilip,şeýtana garşy çäre görmedik bolsa,onda Adam atada näme günä?Adam ata şeýtana aldanan bolsa onda,Adam ata-da ýene güna ýok.Sebäbi Hudaý ony şeýtana aldanar ýaly edip ýaradan.Eger Hudaý Adam atany şeýtana aldanmaz ýaly ýaradan bolanda,onda adam şeýtana aldanmazdy,ony jennetden kowmaga sebäbem bolmazdy.

Aý garaz logiki tarapdan oýlap görseň dogry diýip hasap edip boljak zadyň özi ýok dünýäde.Şol sebäplem adamlar biri-biri bilen dawalaşyp bir pikire gelmän gezýärler.Bir zat anyk.Pikir bar ýerde oňa garşy antipikir hemişe-de bolýar.Anyk bolmaýan zat,bir-birine gapma-garşy pikirler hiç wagtam çözümän galyberýär.

Men ateist däl,men musulman.Ýöne "hemmeler uýup ýörä"-diýip,köre-kör bir zada uýup ýörmegem akyllylykdan däl.Öz uýup ýören zadyňa azda-kände akyl ýetirmäge synanyşmak erbetlik bolýan bolsa,onda men erbet adam.Ýokardaky ýazgylaram meniň logiki tarapdan pikirlenip akyl ýetirip bilmeýän pikirlerim.Hemmeler owadan ýazmany bilýärler ýöne 100% nyşana urup bilýäni ýok.Bir jogap özi bilen ýene100 soragy döredip dur.

Adam bir zat ýasaýar.Şol ýasan zadyny synap görüp bilmese,ol adam onuň kemçililerini bilmeýär.Eger adam öz ýasan zadynyň kemçiliksizdigine 100% däl 500% gözi ýetýän bolsa,ony synamaga ne hajat?
Hudaý öz ýaradan bendesiniň kemçiligi we kemçiliksiz taraplaryny bilip durubam,ony synamagynda many barmy?Adamy kösäp ýörmezden gowy adamy jennete ugradyp,erbet adamy ebedi otda ýakmazdan,ony hiç wagt ýaratmadygyň gowy dälmi?!

Täzelikler, Dowsypat00 tarapyndan 2 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir