Gök reňkli jinsi.

Demirgazyk Koreýa adamlara gök reňkli jinsi geýmegi gadagan edýär.Eger şu görnüşli matadan lybas geýesiňiz gelse,diňe gara reňklisini saýlamaly.Demirgazyk Koreýa hökümetiniň pikrine görä,gök reňkli jinsi halkara imperalizimiň nyşany eken.Emma,bu düzgün syýahatçylara degişli däl.Olar şäheriň içinde gök reňkli jinside,arkaýyn gezip bilýärler.Diňe,Kim Ir Sen we Kim Çen Ir ýadygärligine girmezden ozal,lybaslaryny çalyşsalar bolany.


Ýok bolsun Internet!

Demirgazyk Koreýa adamlary,halkara internet torundan peýdalanmak hukugyna eýe däl.Olaryň "Kwanmen" diýip atlandyrylýan içki internet tory bolup,tora müňläp saýtlar ýerleşdirilen.Halkara tora bolsa, diňe ýokary wezipeli emeldarlar baglanyp bilýär.Demirgazyk Koreýada "Wi-Fi" diýen düşünjäň özi ýok.


Ýerli walýuta,diňe şu ýerliler üçin.

Eger Demirgazyk Koreýa syýahat etmek niýetiňiz bolsa,bu ýerde syýahatçylara "Demirgazyk Koreýa woni" diýip atlandyrylýan,milli walýuta ulanmaga rugsat berilmeýändigini bilip goýuň.Syýahatçylar ýurduň çäginde dollar ýa-da ýewro ulanyp haryt edip bilýärler.Daşary ýurtly syýahatçylar üçin ýurtda,aýratyn dükanlar açylyp goýulan.Ýurda gelen syýahatçylar,koreýsleriň özleri haryt edýän dükanlara girizilmeýär.


Halkara jaňlara rugsat ýok!

Koreýanyň mobil telefonlary diňe,döwletiň içindäki gepleşikler üçin niýetlenen.Bu ýerdäki hiç bir adamdan,daşary ýurda jaň etmäge mümkünçüligi bolan,sim karta tapyp bilmersiňiz.Iň täsin ýeri,ýerli adamlar Demirgazyk Koreýanyň içinde gezip ýören,daşary ýurtly syýahatçylara-da jaň edip bilenok.


Koka-kolany unuduň!

Ozallar "Koka-kola" içgisini öz çägine alyp girmegi gadagan eden iki döwlet,Demirgazyk Koreýa we Kuba bardy.Häzirki wagtda Kuba-da,bu içgini tapmagyň alajy bar,emma Demirgazyk Koreýanyň çäginde "Koka-kola" bütünleý satylanok.


Syýahat etmek gadagan!

Koreýalylar üçin ýurduň çäginden daşary çykmak bu-ýetip bolmajak arzuw.Bu ýerde gürrüň olaryň ykdysady mümkünçüliklerinde däl.Hökümet raýatlara,ýurtdan çykmagy gadagan edip goýan.Hat-da,ýurduň içinde hereketlenmek üçin hem,hökümet tarapyndak rugsat almaly.

Täzelikler, Dowsypat00 tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir