Adamyñ kellesinde döreýän islendik pikir,başga bir antipikirleri döredýär.

Bir adam köpçüligiň üýtgemegine sebäp bolýar.Bir adam bolsa köpçülige görä üýtgemäge mejbur bolýar.

Mysal üçin:Bir gyz toýa ozal hiç kimiň geýmedik matasyndan köýnek tikdirip geýip geldi diýeli,ony toýdaky beýleki gyzlar görüp,edil şol matadan köýnek tikdirip geýip başlaýarlar.Soňlugy bilen şol mata,Türkmenistandaky ähli gyzlar üçin moda bolýar.Başga matadan köýnek tikdirip baranyňda-da,toýdan kowjak adam ýok.Emma,şol matadan köýnek geýmek,gyzlar üçin ýazylmadyk kanuna öwrülýär.

Köpçülik psihologiýasyna görä aýdanymyzda,bir adam islese-islemese köpçülige görä ýaşaýar.Bir adam üýtgemegi üçin jemgyýet üýtgemeli bolýar.Emma kä halat-da,giden bir jemgyýeti bir adam üýtgedip bilýär.

"Häzirki döwürde näme üçin hemme oglanlar,18 ýaşly gyza öýlenmek isleýäler?"-diýlen soraga jogap,soragyň öz içinde gizlenen.Soragda "hemme oglanlar" diýilýär.Diýmek,hemme oglanlar şeýdýän bolsa,her bir ýeke oglanam şolara görä hereket edýär.

Sen jemgyýete meňzemeseň jemgyýet seni ýekesiredýär.Meselem:Bir oglanyň köçede diňe içki eşikde gezip ýörenini görseňiz,nähili pikire bararsyňyz?Däli,aklyndan azaşan,kemakyl ýaly pikirleri döredýär gerek?!Şol oglanyň 100% akly ýerinde bolmagam,ol oglana hiç hili kömek etmeýär.Şeýle oglan bilen haýsy biriňiz dostlaşarsyňyz ýa-da söýüşersiňiz,köçede haýsyz biriňiz onuň bilen tirkeşip bilersiňiz?Hiç biriňiz.Eger-de ol oglan narmal ýagdaýda geýinen bolsa nä?Elbelde onda onuň bilen dostlaşmakda we söýüşmekde onda hiç hili aýyp ýok.

Aýtjak bolýan zadym biz jemgyýete görä ýaşamaly bolýarys.Jemgyýet 18 ýaşly gyza öýlenmek isleýän bolsa,biz hem şony isleýäris.Jemgyýet 40 ýaşly gyza isleg bildirse,biz hem şoňa isleg bildirýäris.

Täzelikler, Dowsypat00 tarapyndan 2 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir