Bugun adamlary herekete getirmek üçin,ertire gowy zatlary wada bermeli.

Eger-de dinde ölümden soň hiç hili direliş bolmanda,dowzah we jennedem bolmanda,umumy adam ölenden soň, ýokluga siňip gidýär diýlende,haýsy adam şol diniň ýörelgesini tutardy."Ölenden soň ýok bolup gitjek bolsam,edenimi edip ýaşap gezeýin"-diýerdi.

Mugtuna maýmyn oýnamajagyna gözi ýeten din,adamlara dini tölegli etdi.Onuň tölegi bolsa dowzah we jennet.Akyllyja bolup ýaşasaň jennet,erbetlik etseň dowzah.Dowzah bu ýerde jeza hökmünde berilýär.

Onuň töleginiň bir erbet ýeri bolsa,onuň nesýeliginde.Her bir adam tölegini ölenden soň alyp bilýär.Bir gezek ölüp aňyryny görüp,direlip ýene ýaşaýyşyňy dowam etmägede mümkünçilik ýok.Ynanýan diniň maşenik bolsa,gowy bolup ýaşan ömrüň köýüp gitdi diýleni.

Musulmanlaryň pikiri:"Olar ýeke-täk Taňra ybadat etmäýäni üçin kapyr,olar ölenden soň dowzaha gitmeli."

Kirişna hudaýyna ybadat edýän hindileriň pikiri:"Musulmanlar biziň Kirişna hudaýymyza ybadat edenoklar,tersine ony inkär edýärler,şonuň üçin musulmanlar ölümden soň dowzahda jezasyny çekmeli.

Hristianlaryň pikiri:"Mukaddes Injile we Isa mesihe iman etmeýänligi üçin,musulmanlar kapyrdyr we olar dowzahda ýanmaly.Isa mesih Hudaýyň oglydyr we ol Muhammetden ulydyr.

Şularyň her haýsysy bir din,emma hemmesiniň pikiri bir ýerden çykýar.Öz ynanýan dinine garşymy,hökman ol adam dowzahda ýanaýmaly.Bu ýerde diniň däl-de,psihologiýanyň orny uly ýaly.

Täzelikler, Dowsypat00 tarapyndan 2 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir