Hanture!Meniñ saña duşmançylygym ýok.Men diňe bar zada ylmy tarapdan jogap alasym gelýär."Aldasaňam ynanarly edip alda"-diýýälerä.Belki NASA bizi aldaýandyr.Bu bolup biljek zat.Emma olaryňam köp zady takmyn,takmyndygynam boýun alýalar.Ýöne olaram çem gelen zady aýdanoklar.Ýörüte ylmy konfrensiýalar,ýygnaklar geçirip logiki tarapdan dogry hasap edilen maglumatlary kabul edýärler.Matematiki tarapdan hasaplaýarlar,tejribeleri geçirýäler.

Anyk jogabyny bilinmedik soraglara "Ylahyýet" diýmek,bu onuň dogrulugyny subut edip bilmeýär.Ylmy konfrensiýalarda ylahyýet sözüni ulansaň:"Sen alymlygyňy goýda,metjide gidip ymam bol"-diýerler.Ylmy işleri alyp barýan alymlaryň arasynda musulmanlar,ateistler,hristianlar we başga din wekilleri bar.Emma olaryň ählisi ýeke bir zada ylyma gulluk edýärler.Ýagny olar özara bir ylalaşyga gelýärler.

Seniň bu ylahyýetiň köne döwrüň adamlarynyň bir geçini Burkut baba aýdyp,ony takyr ýerde çekredip mäledip goýuşlary ýaly.Şeýle etseler Burkut babaň rehimi inip,olaryň suwsuzlykdan ejir çeken mallaryny ýagyş ýagdyrýamyşyn.
Şonda olaryň biriniň:"Burkut baba bar malyňyzy birden aljak bolup durka,arryk geçiňizi başyna ýapsynmy?"-diýişi ýalyda.

Ýa-da bolmasa gadym adamlaryň wulkan atylmazlygy we suw joşmazlygy üçin,adamy gurbanlyk eden ýaly.Bar adamyň janyny birden aljak bolýan Taňry,bir adamyň janyny näme etsin?Ol bendeler şoňa ynanypdyrlaram.

"Bulutdan çykan gün ýakar-ýaşmakdan çykan dil"-diýip bir nakyl bardy.Elimize termometr alyp howany ölçäp gezmesegem,käbir tejribeleri öz-özünden barlamak mümkün.Tomsuna yssa çydaman barýan wagtyň,bir bölejik bulut günüň öňüni tutanda,howa salkynlan ýaly bolýar.Bulut syrylyp gün gaýtadan çykanda,gün ýene gyzar.Ýaňy bir salkyna öwrenşen adama ol ýokmaýar.Diňe mende däl,köp adamda şeýle bolandyr.Onsaňam bulut beton ýa demir däl.Buluduň içindenem birneme şöhle geçýändir.Şol sebäplem gündiz gije ýaly bolmaýandyr.

Onsaňam men "aýyň gyzgynlygy bar" diýemok,"aýyň gyzgynlygy barmy?"-diýip soradym.

Materiňkeriň göwrümi kiçi bolsa,ol ýene-de köp soraglary orta çykarýar.

Men tekiz ýeri düňderilin ýalpak gazan görnüşinde göz öňüme getiripdim.Diýmek,ýer tep-tekiz ekendä.Daglary,jarlary hasaba almanyňda.

Täzelikler, Dowsypat00 tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir