Monoetniklik

Multimedeniýetlilik-häzirki zaman jemgyýetiniň mazmuny.Şonuň üçin adamlar bir etnik topara ewolýutsiýalanýarlar.Ýagny olar öz etnik toparlarynyň tapwutly taraplaryny ýitirip başlaýar we "millet" diýen söz könelip ýok bolup gidýär.

Immunitediň ejizlemegi.

Adamlaryň hetdan aşa däri-dermanlara baglanyp galmagy sebäpli,biziň immunitedimiz ejizleýär.Eger-de diri galmak üçin,daşardan gelýän kömek bedeni halas etse,içdäki funuksiýalar könelmäge başlaýar.Eger-de,ähli zyýanly mikroorganizimler dermanlar bilen ýok edilse,organizime güýçli immunitediň geregi ýok.

Çiginlerimiziň inçelmegi.

Adamzat nesliniň fiziki tarapdan ýuwaşlyk bilen güýçsizlenmeginiň iki sebäbini ozaldan çaklamak mümkün.Birinjiden,biziň tehnologiýalara bolan isleglerimiziň artyp barmagy.Her bir nesil näçe az hereket etse,şonça köp güýçsüzlenmek ähtimaly bar.Çiginlerimiziň inçelmeginiň ikinji sebäbi bolsa täsin.Ýagny,biz haçandyr kosmosa uçup barsak,ol ýerde köp hereket etmäge zerurlugyň bolmazlygy.

Boýuň ösmegi.

Adamzadyň boýy tizlik bilen ösýär.Ahyrky 150-200 ýylyň dowamynda biz 10 santimetr ösdük.Beýle ösüşüň sebäbi,doýa garna iýmitlenmek.Bizdäki iýmitleriň mukdary artyberse,biz ösmegi dowam ediberýäs.


Gaty kiçi dişler.

Iñ belli üýtgeşmelerden biri guzy dişleriniň ýok bolmagy.Sebäbi,olaryň bize geregi ýok we käbir etnik toparlarda ol bir eýýamdan ýok bolan.Mundan daşary biz,dişlerimiziň kiçelmegine-de garaşyp bileris.Ahyrky 100 ýylyň dowamynda olar, belli bir derejede kiçelen.Bu kiçelme gelejekde-de dowam eder.


Aýakdaky barmaklaryň kiçelmegi.

Gadymky adamlar barmaklaryny diri galmak üçin ulanypdyr.Biz agaçlara dyrmaşyp gezmäni goýanymyz sebäpli,biziň barmaklarymyz ýuwaşlyk bilen kiçelýär.Häzir biz olar bilen,iň ownuk şahalary-da saklap durup bilmeýäris.Ewolýutsiýa ýuwaş-ýuwaş bizi kiçi barmaklardan halas edýär,çünki adamzat olarsyz hem ýaşap bilýär.Ýöremek we deňagramlylygy saklamak üçin,uly barmaklaryň özem ýeterlik.

Täzelikler, Dowsypat00 tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir