Hanture şeýle sorag beripdim:"Ýeriň diametri näçe?"Ol bolsa maňa şeýle jogap berdi:"Tekiz ýerdede, togalakdada ýeriň diametri, 12,742 km."

Geliň indi diametri birmeňzeş iki globusy alalyň,olaryň birini orta arsyndan deň ikä böleliň!Ýarty bölek şonda disk şekilli gümmeze meňzeýär.Togalak globusdaky materikleri kesip alyp şo durşuna,gümmez şekilli ýarty globusa,internetdäki disk şekilli globusda materikleriň ýerleşişi ýaly ýerleşdirmäge synanşalyň(Antarktidadan başgasyny).
Muny başarmajagyňyza anyk kepil geçip biljek.Sebäbi gümmez şekilli ýeriň meýdany togalak şekilli ýeriň meýdanyndan az bolmagydyr.Diňe gümmez şekilli ýeriň diamerti togalak ýerden iki esse uly bolan ýagdaýynda materikleri ýerleşdirmek mümkün.Diametri şo durşuna saklajak bolsak materikleriň göwrümini kiçeltmeli bolýas.Materikleriň göwrümini kiçelden ýagdaýymyzda Türkmenistanam kiçelýär.Bize öwredilen 491,200 kwadrat kilometr 245,600 kwadrat kilometre çenli kiçelýär.

Indi gümmez şekilli ýeriň Türkmenistan şeklini internetden tapyp gowja syn ediň.Türkmenistanyn ýerleşiş ýerini görüň.Gazagystan,Özbegistan gümmeziň ýokary çetinde,Türkmenistan aşak çetinde.Men size berjek soragym:"Amyderýa haýsy tarapa akýar,Türkmenistandan Özbegistanamy ýa-da Özbegistandan Türkmenistana?"
Ýer hereketsiz bir ýerde duran bolsa,onda Amyderýa aşakdan ýokary akyp duran ekendä.Edil suw dagdan aşak akman,tersine ýokary daga tarap akyp durşy ýaly bir zat.

Meni ýene kanagatlyndyrmadyk zatlar:Günüň diametiri,onuň gyzgynlygynyň +10+15° bolmagy.Meni haýrana goýan zat bolsa,gündüzine ýagtylyk günden dälde,bize belli bolmadyk näbelli tarapdan gelmegi."Ýagtylyk günden gelmese nireden gelýär?"diýen soragyň ýüze çykmagy.

"Adam hikmet sebäpli döräpdir"-diýmek bolsa,gaty gümürtük jogap.

Ozalam bir alymyň aýdyşy ýaly:"Din,akyly pes adamlary dolandyrmak we elde saklamak üçin iň gowy guraldyr.Akly pes adamlaryň logiki pikirlenşem gowşak bolýar.Şonuň üçin olary aldamagam ýeňil düşýär"-diýen eken.

Kartoşkamy ýa başga bir zadyň kilogramy 30 manat eken.Oňada 1000 adam oçura duran eken.Logiki pikirlenşi güýçli bolan bir alym iň soňky bolup gelipdir.Şol wagtam biri peýda bolup:"Palany magazininde kartoşkaň kilogramyny 10 manatdan berip dur"-diýýär.Beýlekiler arzan kartoşkaň yşgyna düşüp,oçurduny taşlap,aýagaldygyna,galmajak bolup ylgaýarlar.Alym pikirlenýär:"30 manatlyk zady 10 manada berenden magazinçä ne peýda,beýle etse ol bankroda düşmegi mümkün.Ýa kartoşkalary zaýalanandyr ýa-da magazinçiň akly ýerinde däldir.Iň gowsy gymmat bolsa-da anygyndan alaýyn" diýýär.
Ýaňky habary aýdan adam alyma:"Sen hem gitjek dälmiň"-diýýär.Alym:"Özüň nämä dursuň?"-diýýär.
Ýaňky adam:"Gelsem oçur köp eken.Maňa gezek ýetmejegini bilibem aldamaga mejbur boldum"-diýýär.Şeýlelikde bularyň ikisi oçurtsyz kartoşka alyp gidýärlar.Aldanan adamlar bolsa aldananyny bilip yzyna gelýänçäler,magazin hem ýapylan eken.

Täzelikler, Dowsypat00 tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir