Ýazgyt bilen eradaň bir ýere sygyşmajaklygy baradaky pikirlere men 100% goşulýan.

Birnäçe million gyzyň içinden diňe bir gyzy almaga mejbur bolsam,ozaldan şol maňlaýama ýazylan bolsa,onda ol ýerde eradaň hiç hili roly ýok.

Birnäçe million gyzyň içinden bir gyzy özüm saýlap almaly bolsam,öz islegim bilen alsam,onda ol öz eradam bilen bolýar.

Eger-de men bir işi eradam bilen edýän bolsam,onda ol ýerde öz ýazgydymy öz elim bilen ýazýan diýmegemdir.Başgaça bolubam bilmeýär.Men özüm ygtyýar edenim üçin,men şol işi etdim.Ömrümiň şol işe giden wagtyny,ýazgydyma özüm goşdum.

Ýazgyda "erada" sözüni goşmaly bolsa,onda ol ýerde adam islese-islemese öz ýazgydyny,öz eli bilen ýazýar diýmegidir.Beýlekilere:"Taňry adamyň ýazgydyny ýazýar"-diýip däl, "Taňry adamyň ýazgydyny ozaldan bilýär ýa-da göçürýär"-diýip düşündirmelidir.Ýazmak bilen bilmek başga-başga zat bolup gidýär.

Ozaldan ýazylgy zady,eradanyň üýtgetmäge güýji ýetýän bolsa,onda ol ýazgydyň öz eliň bilen ýazmak ýa-da ýazgydy üýtgetmek bolýar.Hudaý bize edradamyza görä ýaşamaga mümkünçilik beren bolsa,onda ol biziň ýazgydymyza goşulup bilenok.Eger goşulan ýagdaýynda eradaň hiç hili ähmiýeti galmaýar.Eradamyza görä däl-de,ýazylan ýazgyda görä bolup gidýär.

Ýazgyda ine şeýle düşünmeli:Adam dogulandan tä ölýänçä öz ýazgydyny öz eli bilen ýazýar.Hudaý özüniň çäksiz gudraty bilen,şol adam dogulmazyndan müňlerçe ýyl ozal,şol adamyň nähili ýaşajagyny bilýär.Dogulmadyk adamyň etjek işlerini bilip,onyň ömrüni sekuntma-sekunt göçürüp alýar.Onam alyp adam doguljak mahaly onuň maňlaýyna ýazyp goýýar.Şol ýerde adamyň maňlaýyndaky ýazgyň hiç hili ähmiýeti bolmaýar.Adam etjek işlerini eradasy bilen edip geziberýär."Adam öz edýän işini maňlaýyna ýazylany üçin däl,eradasy bilen edýär"-diýen gepem şoňa dogry gelip duruberýär.

Hudaý ýazýar däl,göçürýär ýa-da bilýär diýsek erada dogry gelýär.Hudaý ýazýar diýsek,onda eradaň ähmiýeti galmaýar.Adamyň etjek işi sekuntma-sekunt maňlaýa ýazylan bolsa,adamda erk-erada hiç hili orun galmaýar.

Men bir poema ýazsam,gahrymanlar hyýaly bolsa,olarda erk-erada bolmaýar.Ýaman diýenim,ýaman bolmaly bolýar,gowy diýenim gowy bolýar.Poeamamda ýamany men düzetmesem,ýamanyň özi erk-eradasy bilen düzelip bilmeýär.Sebäbi olar ýok hyýaly zatda.Näme ýazsam şeýle bolmaga mejbur.Men poemadaky gahrymanlary hakyky durmuşdan alsam,olar bar işi erk-eradasy boýunça edýäler.Menem olary poema göçürýän.Men ýagşyny ýagşy,ýamany ýaman diýmäge mejbur.Tersine bolsa hakyky waka däl-de ýene hyýaly waka ýa-da ýalan bolup gidýär.Aýtjak bolýanym men hakyky gahrymanlaryň durmuşuny özümden düzüp ýazyp bilmeýän,men diňe göçürüp bilýän.

Täzelikler, Dowsypat00 tarapyndan 2 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir