Bärde barmak basyp sanaýmaly derejede bolsa-da,aňly-düşünjeli oglan-gyzlaryň barlygynada begenýän. Men durmuşy synlap bir zada göz ýetirdim,häzir biz "ahyrzaman" döwründe ýaşaýarys.Birek-biregi kemsidýäris,ýere sokýarys,üstünden gülýäris.Äjit-mäjide bir ýerden geler diýip garaşmagyň geregi ýok.Ýuwaş-ýuwaşdan özümiz äjit-mäjide öwrülip barýarys,ýuwaş-ýuwaşdan ynsanlyk keşbimizi ýitirip haýwanlaşyp barýarys.Bu hadysany saklap galjak hiç hili güýç ýok .Ýyl geçdigiçe dünýä beterleşip baryberýär.Obada bolsun şäherde bolsun aňly-düşünjeli gürleşip biljek adamlar az indi.Şolar hem doly ýok bolandan soň ahyrzaman.Sebäbi sanlyja adam üçin bolsa-da,Taňry dünýämizi abat saklaýar.Häzir bereket ýitdi,adamlaryň Hudaýa ynanjy ýitdi,birek-birege sylag-hormat ýitdi,nebis adamdan öňe geçdi,parohorlyk we keselçilik güýçlendi.Ýagşylygy adamlar pula satyp başlady.Jübüň boş bolup barsaň,baran ýeriňde işiň bitenok.Ejiz bolan ýeriňde üstüňe gygyrjaklar,güýçli bolan ýeriňde dabanyňy ýalajaklar.Şol derejede adamlaryň mertebesi pese düşdi.Bihaýalyk gün-günden ýokary derejelere galyp barýar. Utanç aradan ýitip barýar.Ahyrzaman döwri bolman, näme boldy indi?Gün-günden adamlar beterleşýär we erbetleşýär.Ony saklap galjak güýç bolsa ýok indi.

Täzelikler, Dowsypat00 tarapyndan 2 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir