Ilkinji nobatda bir zady aýdyp geçmeli.Adamzat uýgunlaşýan jandar.Yssy bolsun,sowuk bolsun,açlyk bolsun...Parhy ýok,ähli zada uýgunlaşyp gidiberýär.Adama öz göteribiljeginden has artyk agram düşmese ýaşaberýär.Bir ösümligi ýere oturtsaň belli bir wagtdan soň hasyla durýar.Ol näme üçin hasyla durýar?Hasylyň içinde tohum bar.Ösümligiň özi ýok bolup gidende-de,şonuň tohumy arkaly onuň nesli ýitmeýär.Şeýlelik-de bir ýyllyk ösümlik müň ýyl ýaşap bilýär.Bütün dünýädäki janly-jandarlar şeýle.Özi ýok bolup gitsede, nesilleri nobatma-nobat ýaşaýşyny dowam edýär.Adamzat hat-da özi hem aňlap ýetmeýän,aň asty duýgulary arkaly,beýleki jandarlar ýaly öz neslini ýok bolup gitmezligi ugrunda göreşýär.Adamzat ýetişip kemala gelen wagty,nesil galdyrmak üçin özüne garşydaş jyns wekiline ýakynlyk duýýar.Tohumlyk nesil galdyrmagyň ýeke-täk ýoly,iki jyns wekiliniň bile jynsy gatnaşykda bolmaklygydyr.Adam özüniň aň asty duýgularyny,aň üsti duýgulary arkaly berkidýär.Ýagny,erkek adam aýal jyns wekiline öýlenýär we onuň bilen maşgala gatnaşyklaryny amala aşyrýar.Şol bir hatarda adamzat neslini dowam etdirýär.Adamyň aňyny edil haýwanyň aňy ýaly edende-de,ol barybir aňasty duýgulary sebäpli özüne ýakyn jyns wekiline ýakynlyk duýardy.

Adamyň aň asty duýgularyny we uýgunlaşmak ukubyny hasaba alyp aýtsak,eger ýerde ýaşamaga amatly şert bolup dursa,adamzat hemişe özünden nesil galdyrýar.Eger-de,dünýäniň 100% gyzynyň gyzlygy ýok bolan ýagdaýda-da,erkekler öýlenýär.Bu ýerde adamzat: "Gyzlygy ýok bolsa öýlenjek däl"-diýen düşünjäni aradan aýyrýar.Sebäbi,adam indi özüniň uýgunlaşmak ukyby arkaly bu ýagdaýlara uýgunlaşýar.Uýgunlaşyk bolmasa başga çäre ýok.

Häzirki wagtda Türkmenistandaky 80% oglan çagasyz gyza öýlenýär diýeli.Şol ýagdaýda sen öz aljak gelniňi ilki göwreli edip,çagasy bolandan soň almaga utanýaň,namys edýäň.Ýöne Türkmenistandaky 80% oglan öz aljak gyzyny göwreli edip,çagasy bolandan soň alyp dursa,elbetde sen çagasyz gyza öýlenmäge utanýaň.

Bir adam köpçüligi üýtgedýär,köpçülik bolsa bir adamy üýtgemäge mejbur edýän.

100 ýyl mundan ozal türkmen oglanlary telpekli,donly,gyýma giň balakly,ädikli gezipdirler.Häzirki wagtda şol görnüşde köçä çyksaň,gören üstüňden gülýär.Aklyndan azaşan däli diýýäler,gyzlar söýüşmäge utanýar.Emma,kasýum-jalbarly,futbolka,şortikli,dar balakly köçede gezseň üstüňden hiç kim gülenok,gyzlaram ýüz öwürüp duranok.Bir adam köpçülüge görä bolmaly bolýarda,köpçülik ýaly geýinse darygybam duranok.

Ähli zat babatda,köpçülige görä,zamana görä,ädim ädip baryberýäs.

Täzelikler, Dowsypat00 tarapyndan 2 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir