Açylmadyk dünýädiň sen meň üçin,
Men sende juda kän, kän syry gördüm.
Şonda-da her gezek ýylgyran çagyň
Syrly ýylgyrşyňy gowluga ýordum.

Gündizlermi pida edip yşkyňa,
Gijelermi saňa gurban berdim men.
Ýöne muňa ökünmedim hiç haçan,
Garaşanmy oňatlyga ýordum men.

Baharda açylan güller mysaly
Görküň tämizligin sepdi kalbyma.
Birdenem dünýämi hijrana berip,
Dönüp gitdiň sen hilebaz salgyma.

Ýyllar geçip, küýsän çagym keşbiňi
Köne goşgularmy dörüp ýörün men.
Hemişeki ýaly, menden gitmegňi,
Läläm, oňatlyga ýorup ýörün men...


Sapa HOMMADOW

Edebiýat, Pegas tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir