Selçeňläpdir, gyrawlapdyr saçlaryň,
Ýyllar maňlaýyňa salypdyr gasyn.
(Ulaldymmy, oňaldymmy — bilemok)
Kaka, juda eziz eşdilýär sesiň.
Çagalykda gazabyňdan gorkardym,
Indi maňa ýat bolupdyr o gorky.
Hany, ýene gazabyňa tutsana,
Öňküje ogluňa dönerin, belki.
Gözýetimi nazarlaýaň ýygydan,
Belki, geljegmize bakýar nazaryň.
Wyždan alawyny ýadyma salýar,
Kaka, hupbatly-la seniň huzuryň.
Ynamyňa jogap beresim gelýär,
Hut şu ýolda az däl gorky-hederim.
Kim aýdypdyr kämil ynsan ýok diýip,
Kämil ynsan sen ekeniň, pederim!
* * *
Kaka, surnukdyrdy agyr ýodalar,
Halys-Alla tapman ujun kelebiň.
Degre-daşym bulam-bujar pikirler,
Otda ýaly, ýol tapamok elenip.
Dünýe menden, men dünýeden nägile,
Kalbymda irimçik ünji käneldi.
Ardym ýowuz oýunyndan durmuşyň,
Ýa gam çekmek müdimilik kärimmi?
Kaka!
Durmuş mekdebimiň mugallymy!
Öwütlerňe hantama men ýene-de.
Ýene ündew beräý durmuş hakynda,
Sözleriňi ýüregime çene-de!
Sada adam bolmagymy ündeýäň,
Ýöne köp ýanýanam ýene sadalar.
Aýyplaşma zeýrenjimi, zarymy,
Kaka, juda surnukdyrdy ýodalar...
Sapa HOMMADOW
“Kaka, surnukdyrdy agyr ýodalar...”
-
Spesnazka
3 years ago
- Sapa Hommadow gowy gosgylary yazyar. Pegas sizin ozunizmi su yada siz fanatymy siz
-
Pegas
3 years ago
- @Spesnazka, özüm.
-
Spesnazka
3 years ago
- Onda size ustunlik, yokary ustunliklere yetmeginizi arzuw edyan we garasyan ustunliklerinize. Gosgylarynyz kitap gornusi barmy programma gornusi okajakdym
-
Men_ve_Sen
3 years ago
- +++
-
Pegas
3 years ago
- Sag bol, @Spesnazka. Ýokdur kitap görnüşi.
-
Spesnazka
3 years ago
- Bolia zyyany yok sagbolyn
-
Yylgyn
3 years ago
- Elektron görnüşindäki kirapda öñ okapdym şu goşgyny
-
Yylgyn
3 years ago
- Görer göze görünmeýän güýç bilen
Meni gyzgyn gujagyñda aýadyñ
Şuñ ýaly setirlerem bolmaly oba hakynda ýazan
-
Yylgyn
3 years ago
- Şol elektron kitapda
-
Yylgyn
3 years ago
- ...pegas berekella , okadym , duygulandym , shukir etdim👍
nyce👍
-
soho
3 years ago
- like
-
yashalym
3 years ago
- Haram kakaň
-
yashalym
3 years ago
- Haram kakaň
-
yashalym
3 years ago
- Haram kakaň
-
yashalym
3 years ago
- Haram kakaň
-
yashalym
3 years ago
- Haram kakaň
-
yashalym
3 years ago
- Haram kakaň
-
yashalym
3 years ago
- Haram kakaň
-
yashalym
3 years ago
- Haram kakaň
-
yashalym
3 years ago
- Haram kakaň
-
Yylgyn
3 years ago
- Galamyñ ujy ýiti bolsun Sapa aga
Hercai 3 years ago- gaty manyly gosgy +++ ; )