Men seni söýäýdim, söýäýdim öýdýän,
Bolmasa-da söýmeklige hakym, gyz.
Ýa şo güni didelerňe baglandym,
Ýa bilmedim çenim bilen çakym, gyz.

Men seni söýäýdim, söýäýdim öýdýän,
Söýgim seň ýoluňa badak atýan däl.
Gamly günüň, ýowuz günüň ýada sal,
Bagtly günüň ýatlamagam hökman däl.

Men seni söýäýdim, söýäýdim öýdýän
Nazarňa nazarym düşen halaty.
Eýsem, göreçlerde ýerleşip bilýän
Dünýäň geldi-geçerlerine agladym.

Men seni söýäýdim, söýäýdim öýdýän,
Baglar öňküsinden juda enaýy.
Bir pursatlyk duýgulara berildim,
Günämi öt, gara gözli humaýym.

Men seni söýäýdim, söýäýdim öýdýän,
Aýlar-günler bakýan ýaly soragly.
Kä göwnüme uly ýaly bu dünýä,
Kä göwnüme neçüýn dünýä daraldy?!

Bu ýollardan eňip barýan çyrpynyp,
Birdenem joşýaryn, birdenem gaýdýan.
Bilemok nämüçin, nämüçin beýle,
Men seni söýäýdim, söýäýdim öýdýän.


Atamyrat ATABAÝEW

Edebiýat, Pegas tarapyndan 2 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir