Men saňa ynandym hal-u-syrymny,
«Göwnüni nur basan gerçekdir» diýip,
«Güýz gussasy tutanynda serimni,
Nämälim alysdan geljekdir» diýip.

Sen — agaryp gelýän aladaňdanym,
Men bir göç — göçmäge nesibi çeken.
Ýyllary ýaglyk deý başa daňýaryn,
Ýöne olar kem-kem agralýar eken.

Ýok, diýmerin: «Ýyllar göwnüm galdyrdy»,
Biz ýöne kän mahal bilmedik görşüp.
Nämüçindir damagymy doldurdy
Solan ýapraklaryň sowrulyp ýörşi.

Üşän ýeller gapymyza direne,
Maral sürsi ýaly yza gitdiler.
Bizi hemra diýip birek-birege,
Ahyr ulus-iller güman etdiler.

Akarlar towlanyp,
Durlanyp owaz,
Ýazyň ysy urar gider tenlere.
Hanalar çekiler,
Telwaslar sowar,
Uçan guşum aýdym bilen gelmese.

Men saňa ynandym gyzgyn demimi,
«Howasy arassa gerçekdir diýip,
«Bir ýerlerde serip galsam elimi,
Özgelerden ilki geljekdir diýip.


Mämmetnazar BABANAZAROW

Edebiýat, Pegas tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir