Syr berip, jan alşanym,
Sensiz dünýe nirikä?
Ölmezlige çalşaryn
Sen dünýäde dirikäň.
Bakman özge zenana,
Sen ylhamym — lirikam.
Işdäm ýok alma-nara
Sen dünýäde dirikäň.
Seň üçin doglandyryn
Şu adamlaň birikäm.
Hemişe oglandyryn
Sen dünýäde dirikäň.
Arşda gyýlan nikamyz
Ötmez ýerde binika.
Sowulmaz toý-sapamyz
Sen dünýäde dirikäň.
Sensiň öýüm-öwzarym,
Sensiz ýalňyz, bimekan.
Çekdirme maňa zaryň
Sen dünýäde dirikäň.
Seýitmyrat GELDIÝEW
Sen dünýäde dirikäň...
-
aynura
3 years ago
- gowy eken bravooo ustunlik
@Mahri
-
yashalym
3 years ago
- Mamaň sikeyin Hudayuran
Nirvana 3 years ago- Tüweleme bu şahyry tanamok, ýöne goşgulary diýseň manyly, haladym. Hem-de uly höwes bilen okaýan.
"Arşda gyýlan nikamyz"
Bu setirde bolsa, ullakan many ýatyr...
Şahyryň we bize okamaga ýetiren Sapa şahyryň ellerine güller bitsin. Minnetdar!