GÖWNÜM!..
Göwnüm!
Eziz göwnüm!
Mähriban göwnüm!
Mähre zar göwnüm!
Köşeş!
Sowur gamyňy!
Aladasyz dünýä bardyr öýdemok.
Özüň dünýä ahyryn!
Iň bolmanda, dünýä ýaly giňdiň-ä!
Ygtybarly ýerdiň özgeler üçin,
Altyndyň,
Kümüşdiň,
Ýersiz-ýere ýakylan,
Öz ugrunda dökülen
Gan tagamly der-diň özgeler üçin.
Dürdüň.
Zerdiň.
Kä dünýä barabar lezzetden ganyp,
Kä-de güzap gördüň özgeler üçin.
Ezizim!
Ejizim!..
Ýykylaňda gyýylma!
Aýakda men şindi.
Men ýykylmasam, ýykyldym diýme özüňe!
Saňa şu günki ýaly düşünmändim hiç haçan.
A indi...
* * *
MENI ÝERE DÜŞÜRIŇ...
Meni ýere düşüriň.
Gökdäkiler düşünenok
Ahwalyma...
Ganyma
galaýmasyn päk asman...
Goý,
agydan,
pygandan,
ahmyrdan,
ölen umytdan,
çalajan arzuwdan,
dertden gerk-gäbe bolan
zemin alsyn janymy...
Zemin maňa gaty gowy düşünýär:
ejiz ýerimi,
eziz ýerimi bilýär ol...
Belki, meň ganyma galyp,
Indi müdimilik zyňar asmana...
Sapa HOMMADOW
Ak goşgular
-
yashalym
3 years ago
- +99364693315
Jaň et pideras
Black Wolf 3 years ago- +++