(Seýitmyrat Geldiýewe)

Ýadyma şo-ol şat çagalyk döwrümi
Salar ýaly goşgy okap bersene!
Meniň mydam mähre teşne göwnümi
Alar ýaly goşgy okap bersene!

Gürzüsin aýlanda otly ýyldyrym,
Arş elden gaçyrmyş yşky-bulguryn.
Ýagyrnysyn süýnüp barýan ýyllaryň
Çalar ýaly goşgy okap bersene!

Soňky günler etek-alty, ýeň ýedi,
Şygyr okaşmaga elim degmedi...
Şo-ol şygryň-a ýüregimde jigledi...
Şolar ýaly goşgy okap bersene!

Ýüregiň bar ýüregime ýanaşyk,
Gideýin men duýgulaňda azaşyp,
Sekiz jennet lezzetinden azajyk
Çiler ýaly goşgy okap bersene!

Günleriň sessizje hoşlaşýanyny,
Baharyň golaýlap, gyş geçýänini,
Entek öz-özümden daşlaşmanymy
Biler ýaly goşgy okap bersene!


Kakamyrat REJEBOW

Edebiýat, Pegas tarapyndan 2 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir