Pegas
MART GELER WELIN!
Asman kükrär, bahar sygmaz gündize,
Gijelere sygmaz, çyrpynar zemin.
Men hökman aýdaryn saňa şol sözi,
Dillerim açylar mart geler welin.
Bahar möwç alar-da, bahara sygmaz,
Ýalançy meýmirär mylakatynda.
Ýürek göwrä sygmaz, ser dünýä sygmaz,
Men aýdym aýdaryn seniň hakyňda.
Aýtma...
Söýgi goşgusy.
Iller ýaly göwün ýüwürtdim menem,
Arzuw etdim, islemedim artyk zat.
Hemdemim — gijigen söýgi boldy-da,
Ýaşaberdim umytlarmy goltuklap.
Gyşlarda gar bolup ýagasym geldi,
(Kemje-kerdem däl islenmek hiç kese.)
Söýen sähel zatdan dilgir bor eken,
Garaşany gelmese ýa giçlese...
Men...
Ejeme hat
Salam, eje.
Belkem, bu haty entekler ýazmaly däldim. Sebäbi gara bulutlaram tüýdülip bilýär käte... Men ýene-de duýgularyma aldandym öýdýän. Duýgularym, ýüregime dolan hasratym, belkem, maňa bu zatlary ýazdyryp oturandyr. Her näme bolsa-da, men maňlaýyma ýazylan ýazgyda kaýyl bolmalydygymy unutmajak boldum. Öz-özüme gaýta-gaýta şony ýatladyp...
“Rahatja günlerňi ýa:t etdim saňa...”
“Men yşky ömürlik iş etdim saňa”
Italmaz Akmyradow
“Aýralyk dagynda üşeme” diýip,
Ýüregimi ýakyp, o:t etdim saňa.
Çirksiz ynam bilen ezizläp, söýüp,
Yşksyz geçmişimi ödetdim saňa.
Salgym däl ekeni güneşli günler,
Ýyglaýa-ýyglaýa, terk etdi tümler.
Gizle...
Bagyşlaň meni!
Bu — men, dünýä getireni baharyň,
Bu — men, zyr dälisi goja jahanyň...
Asman dek kükredim kükrän mahalym,
Ine, şunuň üçin bagyşlaň meni!
Ýakyny syladym, ýady-ha has-da,
Toýda aglamadym, gülmedim ýasda,
Garrap, tapdan düşdüm ýigrim bäş ýaşda,
Ine, şunuň üçin bagyşlaň meni!
Arzuw...
EJEME UGRATMAJAK HATYM:
Salam, eje. Seýrek jaňlarym üçin meni bagyşla, käbäm. Okuwdan boşan wagtymam saňa jaň edäýmeli welin, edemok-da...
Ýadyňdamy, geçen gezekki jaň eden wagtym: “Sesiň üýtgäpdir-le, oglum, keselläp dagy edeňokmy?” diýeniňde: “Ýok-la, eje jan, bilýäň-ä, sesimem häsiýetim ýaly üýtgäp dur” diýip gülen bolupdym. Aslynda şonda şeýle bir agym tutdy,...
BU — MEN!
Ak gyşda azaşyp,
Baharyň kalbyndan dömen!
Ýollar ýadadyp azajyk,
Ýene-de gaýdyp gelen... —
Bu men!
Gidişim gidiş bolupdyr,
Yzyma garamandyryn.
Ýene seni gözläp geldim
Goýnuna gara baglaryň.
Ýeke söz ykbal çözýärkä
Bolma beýle biagyry!
Dymma-da,
Garap...
SAWÇY
KAKAMYRAT ATAÝEW
Hekaýa
Öwez aýaly bilen ýüzüni garaňka tutup, ýat oba sawçylyga gitdi.
-Gyýw, baraňsoň mysapyrsyrap oturmagyn, bolrak geplegin, bolrak – diýip, aýaly Aýnabat ýolda öwüt berdi...
EJEMIŇ AGLAN GÜNI
KAKAMYRAT ATAÝEW
Hekaýa
Kakamyň ejemden başga-da aýaly bar ekeni. Obada.
Baýak bir gün adaty bolşy ýaly, galmagal edenlerinde ejem kakama ýüzlenip:
-Bolman seň ol sygyr ýaly symyşlap ýatan heleýiňden zat artýarmy? – diýdi.
Men surat çekip ýatan ýerimden ass...
MUGALLYM GYZ
Mugallym gyz, didäňe didämi dikip,
Bukup ýüregimde gizlinje yşky,
Seň göwnüňe ýetsem diýip, şu gije
Bagyşladym saňa sadaja goşgy.
Kine etme menden waspyň etmesem,
Waspyňa ejiz meň sözlem, aňlasaň.
Kine etme maňa nazar oklaňda
Nazaryňda söýgiň baryn aňmasam.
Söý meni!
Söý...
Men ýitmerin...
Men ýitmerin.
Dolanaryn ýene-de,
Ýene dünýä aşyk bolup inerin.
Sataşýançak nesibeli pursatda,
Her gün daňdan düýşleriňe girerin.
Şonda, belki, ýazgydymyz başga bor,
Durmuş, meger, bagt eçiler maňa-da.
Belki, şonda nesip eder toýumyz,
Belki, şonda dabaraly çagyryp,
Myhmanlara gut...
MYNAJAT
Eger bir ýaman söz sypsa dilimden,
Alla jan, sen mendan etme aýyp-syn.
Çünki bu dünýäde gören-eşdenmi
Paýyş söz agzaman beýan etmek kyn.
Sen — Hudaý, isleseň, islemeseňem,
Menem, özüň bilýäň, ýazykly bende.
Emma mundan beýläk sežde kylmaga
Jinnek ýalam takat galmandy mende.
Seb...
14-nji fewral
Bu agşamda ata ogla käýänok
Nirädir bir ýere gidýäni üçin.
Nirädir bir ýere gidýäni üçin
Ene-de gyzyna bakanok içgin.
Barja diýilýäni: "Wagtynda gelgin!"
Çala baş atylar, gutarar gürrüň.
Gapyny daşyndan ýapan ýürekler
Wadalaşan ýerne atygsar derrew.
Bir eli hallanlap barýandyr...
„Gümüne gitsin-laý Walentinasy!..“
Saňa söýgim beýan eden günüm
hem
Yran günüm bolsa bolýar bir maňa.
Ol günleri gyra goýup, hut şu gün
Baýram etmegmizi düşündir maňa.
Ýyldan-ýyla dide dikip elli ikä,
Geljegmize bakmalymy düýn bilen.
Her kimiň öz söýen güni bellikä
Adatyna gulluk edýäs rimlileň.
Ykrar edi...
EJEGYZ
Göçüp gelipdiňiz obamyza siz,
Biz size hiç haçan saýry diýmändik.
Ýaşapdyk hakyky goňşy bolup biz,
Gazan-tabagymyz aýry diýmändik.
Sen «jijim» diýerdiň maňa, Ejegyz,
Men «bajym» diýerdim saňa, Ejegyz.
Oturyp daşarda ýaz agşamlary
Ýa belent howaly güýz agşamlary,
Erteki, matallar aýdyşardyk biz...
Şahyr dostuma
Biz nähili oýunbaz,
Gör, nähili yşkbaz biz!
Kimler üçin-ä hiç kim,
Kimler üçin ykbal biz!
Bir gün buzdan sowuk biz,
Bir gün gyzgyn otdanam.
Kä göwündeş gözleýäs
Ýakyndanam, ýatdanam.
Käte aýdym küýseýäs,
Käte özümiz aýdym.
Kä zalym biz,
Käte-de
ýukal...
„Geçmiş, haýyş...“
Ýyllaň yzy hakydamda gatapdyr,
Ýatlamalar duwlanypdyr düýnüme.
Meň geljege örän gidesim gelýär,
Geçmiş, haýyş, indi artyk güýmeme.
Sahypasy täzelensin ömrümiň,
Kir-kimirden, goý, päklensin kalbymam.
Günler, süpür ajy ýatlamalary,
Ine, ýanan ýürek seňki! — Al munam!
Hawa, ýürek...
„Adaty dünýäde üýtgeşiklik sen...“
Adaty dünýäde üýtgeşiklik sen,
Uzak sen adaty gürrüňden-gepden.
Kalbyň iň gyzykly kitaplaň biri,
Duýgularyň — galam, ýüregiň — depder.
Ýazgylaň ýaz ýaly.
Göwnüň ýazýany
Goşgy görnüşine giren sedamy?!
Maýyl edýän gürrüňleriň bilen sen
Kül-peýekun edip barýaň edamy...
Erki...
Ýaryň bar eken
„Ýaryň bar eken...“
(aýdymdan)
Dünýäň hasratyndan daşlaşan çagym,
Birden söndi gitdi umyt çyragym,
Setirlere dökülip dur pyganym,
Dünýe pikir edişimden dar eken,
Wah, armanym...
Özge ýaryň bar eken.
Arzuwymdan gaýyp gitdiň, gara göz,
Gursagymy oýup gitdiň, gara göz,
ÝERI, SEN ŞOL GYZA MEŇZÄÝMELIMI?!
Ak ýüzüňde halyň näme diýsene,
Ýeri, sen şol gyza meňzäýmelimi?!
Öň göwün az aldanýarmy diýsene,
Ýeri, sen şol gyza meňzäýmelimi?!
Saçy tokmak, boýy söýe ýalydy,
Goly çeper, dokaýany halydy.
Gözi — göz, gaşy — gaş, özüň ýalydy,
Ýeri, sen şol gyza meňzäýmelimi?!
Özüm sowuk boldu...
ÝAŞ GALAMDAŞYMA!
Ine, sen goşgy ýazýaň. Ýazan goşgyň onda-munda çap edilýär, internet arkaly köpçülige ýetirilýär. Şygyr muşdaklary olary okaýar. Halamadyk okyjy köplenç pikirini özünde saklaýar. Çünki goşgynyň ýaramazdygyny awtora aýtmak bilen galapyn özüni ýigrendirýändigine onuň akly ýetip dur. Okyjylaryň içinde goşgyny okap, awtoryň göwni üçin ýa-da halys göwnü...
Bentler
Ýabyň bujagyndan gözledim seni,
Ýyllaň gujagyndan gözledim seni.
Öýmäňe meňzeýän gyzyl öýmeleň
Uzyn seçeginden gözledim seni.
* * *
Söýgim takdyrymdan sowa geçipdir,
Ýyllar umytlarmy göge seçipdir.
Birmahalky gür saçlarym başymdan
Seň ugruňda hünübirýan düşüpdir.
...
Perhat, gel hany:
Kerim Gurbannepesow o goşgusynda burnuň aşagyndaky çukuryň ady ýok diýipdir welin, beýle däl:
Burnuň aşagyndaky çukuryň ady - PATALLAK
Aşagy dodagyň aşagyndaky çukuryň ady - TIBIT
Neme...
GORMEDIK BAGLARYN GOZEL YALYDYR,
GORMEDIK YURTLARYŇ TASIN YALYDYR
GEN-TAŇ ISLER BOLUP GEÇYAR DUNYADE ,
GOZLER MYDAM GORMEDIGIŇ ZARYDYR!
AWTORY: JANIN JANINOWA!
МАМА (текст песни Зарина Тилидзе)
Мама, мама, мое сердце, я твои целую руки.
Мне с тобой тепло как в детстве, я люблю тебя!
Образ твой года не старят,
Серебро в висках пусть тает.
И усталости не знает век душа твоя.
Как люблю твой голос, нежный мама.
Мне молитвы ты шептала.
Их к разлуке так мне не хватало.
Бог храни те...