Gyrgyzystan bikanun ýaşaýan daşary ýurtlular üçin jerimeleri wagtlaýyn ýatyrýar

Gyrgyzystanda 2026-njy ýylyň 1-31-nji iýuly aralygynda migrasiýa düzgünlerini bozan daşary ýurt raýatlary we raýatlygy bolmadyk adamlar üçin wagtlaýyn «ýaşyl koridor» dörediler. Bu hakyndaky degişli permana ýurduň prezidenti Sadyr Žaparow gol çekdi diýip, AkiPress agentligi habar berýär.
Täze resminama daşary ýurtlulara hiç hili administrati...

Dowamy »

40 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 weeks ago

Korol Karl III Bukingem köşgüne dolanmakdan ýüz dönderdi

Beýik Britaniýanyň koroly Karl III we şa zenany Kamilla Bukingem köşgüniň abatlaýyş işleri doly tamamlanyp, taýyn bolandan soň hem ol ýerde ýaşamazlar. Bu barada The Daily Beast neşiri habar berýär.
2026-njy ýylda hem dowam edýän bu köp ýyllyk ägirt uly abatlaýyş işleri sebäpli Karl III 2022-nji ýylda tagta çykandan soň Bukingem köşgünden gö...

Dowamy »

46 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 weeks ago

Ak tam, daşary ýurtlulara gaçybatalga bermegiň doly bes edilýändigini mälim etdi

ABŞ-nyň administrasiýasy daşary ýurt raýatlaryna gaçybatalga bermegini bütinleý bes edýändigini yglan etdi. Bu barada geçirilen brifingde Ak tamyň işgärler apparatynyň ýolbaşçysynyň orunbasary Stiwen Miller mälim etdi diýip, «USA Today» habar berýär.
«Amerikanyň gapylary gaçybatalga aljak bolýan şahslar üçin bütinleý ýapykdyr» – diýip, Mille...

Dowamy »

39 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 weeks ago

Türkmenistanda göreji pes çagalar üçin informatika boýunça ilkinji gezek okuw gollanmasy neşir edildi

Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan ýurduň Saglygy dikeldiş okuw-terbiýeçilik toplumlarynyň kör we çala görýän mekdep ýaşly çagalar bölümleriniň birinji synp okuwçylaryna niýetlenen «Informatikanyň esaslary» atly okuw kitaby ilkinji gezek neşir edildi.
Okuw kitabyny taýýarlamakda ýurduň ugurdaş hünärmenlerinden we mugallymlaryndan yba...

Dowamy »

45 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 weeks ago

Ýewropadaky yssy howa kondisionerlere bolan islegi rekord derejä ýetirdi

Ýewropa yklymyndaky aşa gyzgyn howa şertleri sowadyş ulgamlaryna bolan islegiň birden ýokarlanmagyna sebäp boldy. Bu ýagdaý Samsung Electronics, Midea we Mitsubishi Electric ýaly Aziýanyň öňdebaryjy brendleriniň bazardaky ornuny barha berkitdi.
Kompaniýalar ozal Aziýa bilen deňeşdirilende kondisionerleriň o diýen meşhur bolmadyk Ýewropa ýurt...

Dowamy »

49 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 weeks ago

Germaniýanyň halky köpçülikleýin Gün panellerinden ýüz öwrüp, kollektorlara geçýär

Germaniýada suwy gyzdyrmak we jaýlary ýylatmak üçin niýetlenen Gün kollektorlaryna bolan isleg barha artýar. Hünärmenleriň çykaran netijelerine görä, bu enjamlaryň Gün energiýasyny ýylylyga öwürmekdäki netijeliligi 80–90%-e ýetýär.
Radio ZET-iň berýän maglumatyna görä, häzirki wagtda ýurtda takmyndan 22 million inedördül metr meýdany tutýan...

Dowamy »

45 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 weeks ago

Samsung täze çip, ýöne birje kemçilik bilen Galaxy A27 5G smartfonyny hödürledi

Samsung kompaniýasy orta derejeli Galaxy A27 5G smartfonynyň resmi tanyşdyrylyşyny geçirdi. Täze model Snapdragon tarapyndan öndürilen täze prosessor, frontal paneliň täzelenen dizaýny we uzak möhletli täzelenme goldawy bilen üpjün edildi. Muňa garamazdan, enjam özüniň öňki modelinde bar bolan möhüm häsiýetnamalarynyň birini ýitirdi.
Samsung...

Dowamy »

54 0
Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 2 weeks ago

Türkmenistanda Medeniýet we sungat işgärleriniň güni hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni bellenildi

Şu gün Medeniýet we sungat işgärleriniň güni hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli Arkadag we Aşgabat şäherlerinde hem-de ýurduň welaýatlarynda birnäçe medeni çäreler geçirildi.
«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, dabaralar Aşgabatda Köpetdagyň etegindäki «Magtymguly Pyragy» medeni seýilgäh toplumynda Magtymguly...

Dowamy »

38 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 weeks ago

Azerbaýjandan sowgat «Dostluk» nebit tankeri Türkmenbaşy portuna geldi

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Prezidentiniň Azerbaýjan Respublikasyna amala aşyran döwlet saparynyň dowamynda Azerbaýjan Respublikasy tarapyndan Türkmenistana «Dostluk» nebit tankeri sowgat gowşuryldy. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, bu nebit tankeri Türkmenbaşy şäherindäki Halkara deňiz portuna geldi. Şu mynasybetli Halkara de...

Dowamy »

42 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 weeks ago

Türkmenistanyň Prezidenti Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli watandaşlaryny gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda ýurtda giňden bellenýän Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlady. Bu barada TDH habar berýär.
Türkmenistanyň Prezidentiniň Gutlagynda bellenilişi ýal...

Dowamy »

52 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 weeks ago

Türkmenistanyň Prezidenti ilaty elektrik energiýasy bilen bökdençsiz üpjün etmegi tabşyrdy

Ozal habar berşimiz ýaly, şu gün sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisi geçirildi. Onuň dowamynda wise-premýer B.Annamämmedow Türkmenistanyň Energetika ministrligi tarapyndan alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, elektroenergetika pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýad...

Dowamy »

39 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 weeks ago

Daşoguz şäherindäki pagta egriji fabrikde täze önümçilik işe giriziler

Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäherindäki pagta egriji fabriginde täze önümçilik işe giriziler. Bu barada şu gün sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň dowamynda wise-premýer N.Atagulyýewiň hasabatynda bellenildi.
«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, häzirki wagtda Daşoguz şäherindäki pagta egriji fabrigiň...

Dowamy »

40 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 weeks ago

Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň ýolbaşçysy Türkmenistanda saparda bolar

Ozal habar berşimiz ýaly, şu gün sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisi geçirildi. Onuň dowamynda wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredow Türkmenistanyň Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ý...

Dowamy »

38 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 weeks ago

Türkmenistanda Medeniýet hepdeliginiň bäşinji gününde geçirilen çäreler

Balkan welaýatynda dowam edýän Türkmenistanyň Medeniýet hepdeliginiň her güni ýatda galyjy we täsirli wakalara baý bolýar. Forumyň bäşinji gününde Türkmenbaşy etrabynyň Belek şäherçesiniň Medeniýet öýünde oba medeniýet öýleriniň işini kämilleşdirmegiň meselelerine bagyşlanan usuly maslahat geçirildi. Bu barada TDH agentligi habar berýär.
Şol...

Dowamy »

42 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 weeks ago

BMG-niň Baş Assambleýasy «Geljek nesilleriň hatyrasyna parahatçylygy berkitmegiň halkara onýyllygy barada» kararnama kabul etdi

BMG-niň Baş Assambleýasy Täjigistan tarapyndan öňe sürlen «Geljek nesilleriň hatyrasyna parahatçylygy berkitmegiň halkara onýyllygy barada» rezolýusiýany kabul etdi. Bu barada «howar.tj» neşiri habar berdi.
Resminama laýyklykda, Birleşen Milletler Guramasy 2027-2036-njy ýyllar aralygyny «Geljek nesilleriň hatyrasyna parahatçylygy berkitmegiň...

Dowamy »

35 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 weeks ago

Ankarada Magtymguly Pyragynyň ýadygärligine gül goýmak dabarasy boldy

Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky ilçihanasynyň guramagynda Ankaranyň merkezinde ýerleşýän «Türkmenistan» seýilgähinde oturdylan beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň ýadygärligine gül goýmak dabarasy geçirildi. Bu barada «Altyn asyr» elektron gazetinde habar berildi.
Çärä diplomatik wekilhanalaryň we halkara guramalaryň wekilleri...

Dowamy »

35 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 weeks ago

TOHU-da «Türkmenistanda agroinnowasiýa» atly ylmy-amaly elektron žurnal dörediler

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň «Türkmenistanda agroinnowasiýa» atly ylmy-amaly elektron žurnaly dörediler. Bu barada düýn sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň dowamynda wise-premýer B.Mämmedowyň hasabatynda bellenildi.
TDH-da habar berlişi ýaly, häzirki wagtda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen...

Dowamy »

48 0
Bilim, Ata Watan tarapyndan 2 weeks ago

Fransiýa «öz taryhynda iň yssy gijäni» geçirdi

Fransiýada «howa synlamalary ýöredilip başlanan 1947-nji ýyldan bäri iň yssy gije» hasaba alyndy. Ýurduň «Meteo-France» agentliginiň beýanatyna görä, ýurtda 30 sany dürli beketleriň maglumatlarynyň esasynda hasaplanan howanyň ortaça derejesi 22-nji iýundan 23-ine geçilýän gije 22 gradusa deň boldy.
Bu rekord öňki 21,6 gradus görkezijili reko...

Dowamy »

36 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 weeks ago

Çarwadarlaryň VI bütindünýä oýunlarynyň resmi wideoroligi çap edildi

Gyrgyzystanyň dünýä brendine öwrülen, iň buýsançly hem-de giň gerimli taslamasy bolan Çarwadarlaryň VI bütindünýä oýunlarynyň resmi tanyşdyrylyş wideoroligi çap edildi diýip, «kabar.kg» habar berdi.
Bu ýyl 31-nji awgustdan 6-njy sentýabra çenli dowam etjek Oýunlar çarwa medeniýetiniň hem-de gaýtalanmajak sport ruhunyň birligini şöhratlandyra...

Dowamy »

46 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 weeks ago

DÇ-2026: Fransiýa Norwegiýany uly hasap bilen ýeňdi, Kabo-Werde we Belgiýa pleý-off tapgyryna çykdy

ABŞ-da, Meksikada we Kanadada geçirilýän futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň nobatdaky ýaryş güni üç sany uly hasaply ýeňiş hem-de Kabo-Werdeniň ýygyndysynyň taryhynda ilkinji gezek dünýä çempionatynyň pleý-off tapgyryna çykmagy bilen tamamlandy.
Duşuşyklaryň netijeleri
I toparçada Fransiýanyň ýygyndysy Norwegiýany 4:1 h...

Dowamy »

43 0
Sport, Ata Watan tarapyndan 2 weeks ago