Şu gün Türkmenistanda, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň (GDA) Tohumçylyk meseleleri boýunça hökümetara utgaşdyryjy geňeşiniň 27-nji mejlisi, şeýle hem Seleksiýa we tohumçylyk boýunça halkara maslahat geçiriler. Mundan başga-da, GDA-nyň çäklerinde seleksiýa, tohumçylyk we oba hojalygy ulgamynda döwletara hyzmatdaşlyk meseleleri bilen meşgullanýan Russiýanyň abraýly pudaklaýyn guramasy — «Semena» assosiasiýasynyň nobatdaky mejlisi geçiriler. Bu gurama köp ýyllardan bäri oba hojalyk ylymlarynyň doktory, Russiýanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, Türkmenistanyň Gahrymany Iwan Iwanowiç Kuzmin tarapyndan ýolbaşçylyk edilýär. Ol, şeýle hem, GDA-nyň Tohumçylyk meseleleri boýunça hökümetara utgaşdyryjy geňeşiniň başlygynyň orunbasary wezipesini eýeleýär. Bu forumlar Hazar deňziniň kenarynda ýerleşýän «Hasyl» myhmanhanasynda geçiriler.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 week ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir→