«Gawaýlaryň ýanardaglary» milli seýilgähinde ýerleşýän Holeý tebigy arkasy Ýuwaş ummana ýykyldy. Bu barada seýilgähiň edarasyna salgylanýan «MIR 24» habar berdi. Beýikligi 27,4 santimetr bolan arka 27-nji sentýabr agşamy ýitirim boldy. Onuň anyk ýykylan wagty heniz belli däl, emma muňa «Nolo» tropiki harasaty sebäp bolandyr diýlip çaklanýar. Edarada arkanyň iki tarapyndaky kenarýakanyň köp ýyl bäri durnuksyz ýagdaýda bolandygyny bellediler. 2018-nji ýylda Kiluea ýanardagy onuň ýanyndaky gaýalary ýykdy, 2020-nji ýylyň ýanwarynda emele gelen gaýa jaýryklary edaranyň ýolbaşçylaryny ilkinji syn meýdançasyny ýapmaga mejbur etdi. 2020-nji ýylda güýçli tolkunlar arkanyň aşaky bölegini döwdi. Holeý arkasy 550 ýyl mundan öň umman tolkunlaryň täsiri bilen ýanardag läbiklerinden emele geldi. Ol Gawaýlaryň iň belli tebigy ýadygärlikleriniň biridi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 day ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir→