Eýranyň Ýollar we gurluşyk ministri «Awazada» geçirilen «Zenanlar dialogy» atly halkara forumynda zenanlaryň ýurduň durmuş-ykdysady ösüşindäki möhüm orny barada çykyş etdi — diýip, Halkara habarlar merkezi habar berýär. Onuň sözlerine görä, eýranly zenanlar taryhyň bütin dowamynda jemgyýetiň ösüşine öz goşantlaryny goşup, iň kyn döwürlerde hem durnuklylygyny we gaýduwsyzlygyny görkezdiler. Häzirki zaman şertlerindäki meseleler we gazanylan üstünlikler barada aýdyp, ministr zenanlaryň dürli çökgünlikleriň netijelerini aradan aýyrmakda we infrastruktura desgalaryny dikeltmekde işjeň gatnaşýandyklaryny belledi. Şeýle hem ol zenanlaryň ylymda, medeniýetde, sportda we telekeçilikde goşandynyň barha artýandygyny nygtady. Döwlet syýasaty barada durup geçmek bilen, ministr Eýran Yslam Respublikasynda ösüş maksatnamalarynyň maşgala institutyny pugtalandyrmaga, zenanlaryň hünär taýdan ösmegine päsgel berýän böwetleri aradan aýyrmaga, olaryň hukuklaryny goramaga we durmuş adalatlylygyny üpjün etmäge esaslanýandygyny aýtdy. Ministriň bellemegine görä, Türkmenistanda geçirilen bu forum zenanlaryň hukuklaryny we mümkinçiliklerini giňeltmek meselelerinde tejribe alyşmak hem-de hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak üçin möhüm dialog meýdançasy bolup hyzmat edýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 day ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir→