Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Senaty Türkmenistanyň, Özbegistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň we Täjigistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanan 816 belgili kararnamany kabul etdi. Bu barada uza.uz saýty habar berdi. Bellenilişi ýaly, degişli resminama bilen Waşington sebitdäki bäş döwlet bilen gatnaşyklaryň strategik ähmiýetini ýene bir gezek tassyklady. Kararnamada Merkezi Aziýanyň we Kawkazyň ählumumy söwda, energetika howpsuzlygy we Orta geçelgäni ösdürmekdäki möhüm orny aýratyn bellenilip geçilýär. Şeýle hem ABŞ we sebitiň ýurtlarynyň arasynda ykdysadyýet, bilim we hünär hyzmatdaşlygynyň goldanylmagy göz öňünde tutulýar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 day ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir→