Fiziologiýa we lukmançylyk ulgamynda 2026-njy ýyl üçin Nobel baýragyna Karl Deýsserot, Peter Hegeman we Georg Nagel mynasyp boldular. Bu barada baýragynyň resmi saýtynda çap edilen habara salgylanýan «Khowar.tj» agentligi habar berdi. Alymlar baýraga yşyk arkaly dolandyrylýan ion kanallaryna we optogenetika degişli açyş üçin mynasyp boldular. Peter Hegeman we Georg Nagel bir öýjükli suwotularda kanalorodopsin belogyny açdylar, Karl Deýsserot bolsa, bu belogy nerw öýjükleri üçin yşyk arkaly dolandyrylýan üýtgedijä öwürdi. Habarda bellenişi ýaly, alymlar neýrobiologiýada täze eýýamyň başlangyjyny goýdular. 1901—2025-nji ýyllar aralygynda fiziologiýa we lukmançylyk boýunça Nobel baýragy 116 gezek gowşuryldy.