Argentinanyň milli ýygyndysynyň kapitany Lionel Messi milli topardaky soňky duşuşygyny geçirdi. 6-njy oktýabrda Buenos-Aýresdäki «Monumental» stadionynda geçirilen ýoldaşlyk duşuşygynda argentinalylar Beniniň ýygyndysyny 3:0 hasabynda ýeňdiler. Duşuşyga tomaşa etmäge 85 müňe golaý janköýer geldi. 39 ýaşly Messi üçin bu Argentinanyň ýygyndysyndaky 208-nji duşuşyk boldy. Birinji ýarymda derwezä gol geçirilmedi. Messi ikinji ýarymda Nikolas Otamendä gol salmak üçin pas berdi we ol hasaby açdy. Otamendi hem milli ýygyndydaky çykyşlaryny tamamlady. Soňra Messi ikinji goly geçiren Niko Pasa netijeli pas berdi. Duşuşygyň 71-nji minutynda bolsa Messi penalti urgusyny dürs ýerine ýetirip, duşuşygyň soňky hasabyny kesgitledi. Bu geçirilen top onuň milli ýygyndydaky 126-njy goly boldy. Duşuşyk başlamazdan öň meýdançada 10 belgili we «Gracias» («Sag bol») ýazgyly ägirt uly Argentinanyň milli ýygyndysynyň köýnegi ýerleşdirildi. Döwlet senasyny Folklend (Malwin) adalary ugrundaky urşuň weterany Fabio Santana ýerine ýetirdi. Onuň golaýynda «Malwin adalary — Argentinanyňky» diýen ýazgyly banner ýerleşdirildi. Milli ýygyndynyň futbolçylary dünýä çempionatynyň ýarym finalynda Angliýany ýeňenlerinden soň hem şeýle banneri görkezipdiler. Duşuşyga 2022-nji ýylda dünýä çempiony bolan milli ýygyndynyň futbolçylary we olaryň maşgalalary çagyryldy. Myhmanlaryň arasynda 2024-nji ýylda milli ýygyndydaky çykyşlaryny tamamlan Anhel Di Mariýa hem bardy. Baş eminiň oýnuň tamamlanandygyny yglan edenden soň Messi münberdäki janköýerlere ýüzlendi. Ol janköýerleri söýýändigini, olary küýsejekdigini we argentinalydygyna buýsanýandygyny aýtdy. Şeýle hem futbolçy milli ýygynda hemişe gaýdyp gelmek isleýändigini aýdyp, milli ýygyndy üçin çykyş etmegiň futbolçy bilen bolup biljek iň ajaýyp zatdygyny belledi. Duşuşygyň emini Andres Matonte ýatlama hökmünde öz sary we gyzyl kartlaryny Messä gowşurdy. Stadionyň üstünde Messiniň futbol durmuşynyň dürli pursatlary, şol sanda 2022-nji ýyldaky dünýä çempionatynyň kubogy bilen düşüren pursadyny görkezýän dronly şüweleň geçirildi. Messi milli ýygyndydaky oýnuny tamamlaýandygyny 31-nji awgustda yglan edipdi. Onuň milli topardaky soňky duşuşygy 2026-njy ýyldaky dünýä çempionatynyň Ispaniýa bilen geçirilen finaly boldy. Argentina 19-njy iýulda geçirilen şol duşuşykda goşmaça wagtda 0:1 hasabynda ýeňildi. Messi 21 ýylyň dowamynda Argentinanyň milli ýygyndysynyň düzüminde 208 duşuşyk geçirip, 126 gol geçirdi. Ol milli ýygyndydaky ilkinji duşuşygyny 2005-nji ýylyň 17-nji awgustynda Wengriýa garşy oýunda geçirdi. Onuň gazananlarynyň arasynda 2022-nji ýyldaky dünýä çempionatynyň çempionlygy we 2021-nji hem-de 2024-nji ýyllarda gazanylan iki sany Amerikanyň Kubogy bar. Messiden soň milli ýygyndynyň kapitanynyň daňysy goragçy Kristian Romero geçer. Messi klub derejesindäki futbol ýoluny «Inter Maýami» toparynda dowam etdirer. Onuň bu klub bilen şertnamasy 2028-nji ýylyň futbol möwsüminiň ahyryna çenli hereket edýär.

Sport, Ata Watan tarapyndan 1 day ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir→