Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin şu hepde Türkmenistanda geçiriljek Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň (GDA) sammitine gatnaşar. Bu barada «Westi» neşiriniň žurnalisti Pawel Zarubin habar berdi. Ozal habar berşimiz ýaly, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň sammiti 9-njy oktýabrda Türkmenbaşy şäherindäki «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiriler. Şeýle-de bu sammit bilen ugurdaş birnäçe çäräniň guralmagy göz öňünde tutulýar. Olaryň hatarynda «Durnukly ösüşe ýardam bermek we zenanlaryň ornuny ýokarlandyrmak» atly halkara dialogy, GDA agza döwletleriň Parlamentara Assambleýasynyň saglygy goraýyş ulgamy boýunça maslahaty we «Demografik ýagdaýlar we durnukly ösüş: häzirki zamanyň wezipeleri we halkara tejribesi» atly halkara maslahaty bar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 20 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir→