Zenanlar häzirki çylşyrymly ählumumy gün tertibine dialoga ymtylyşy we meseleleri ylalaşyk esasynda çözmek başarnygyny getirip bilerler — diýip, Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň başlygy Walentina Matwiýenko aýtdy. Ol «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda öz işine başlan we dürli ýurtlaryň wekillerini bir ýere jemlän «Halkara zenanlar dialogy» forumynyň gatnaşyjylaryna gutlag sözi bilen ýüzlendi — diýip, Halkara habarlar merkezi habar berýär. Matwiýenkonyň sözlerine görä, «düýpli özgerişler» döwründe we köp polýarly dünýä tertibine geçilýän şertlerde halkara syýasaty we ykdysadyýeti «ynsanlaşdyrmaga» bolan zerurlyk artýar. Onuň nygtamagyna görä, bu işlerde zenanlara möhüm orun degişlidir. Federasiýa Geňeşiniň başlygy BMG-niň we onuň Durnukly ösüş maksatlarynyň ähmiýetini hem belläp, bu maksatlarda zenanlar meselesine ileri tutulýan orun berilýändigini aýtdy. Matwiýenko şeýle abraýly forumyň Türkmenistanda geçirilmegini aýratyn manyly waka hökmünde häsiýetlendirdi we muny Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň başlangyçlary bilen baglanyşdyrdy. Onuň sözlerine görä, Türkmenistanda zenanlara goýulýan hormat mukaddeslik derejesine çykarylandyr. Ýurt ýolbaşçylarynyň aýratyn üns bermeginiň netijesinde zenanlaryň öz mümkinçiliklerini durmuşa geçirmegi we jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ugurlaryna gatnaşmagy üçin zerur şertler döredildi. Ol forumyň geçirilmegini guramakda goşant goşan Türkmenistanyň Mejlisiniň we Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň ýolbaşçylaryna minnetdarlyk bildirdi. Şeýle hem ol Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Parlamentara Assambleýasynyň we Russiýanyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň adyndan Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli gutlaglaryny ýetirdi. Russiýanyň tejribesi barada aýdyp, Matwiýenko taryhy mysallara ýüzlendi. Ol Ýekaterina Daşkowany dünýäde ilkinji bolup ylymlar akademiýasyna ýolbaşçylyk eden zenan hökmünde, Aleksandra Kollontaýy ilkinji zenan ministr hökmünde, Lidiýa Zwerewany zenanlaryň arasynda ilkinji bolup ýokary uçuş usullaryny ýerine ýetiren uçarman hökmünde, Walentina Tereşkowany bolsa zenanlaryň kosmosa uçuş eýýamyny açan ilkinji zenan hökmünde ýatlatdy. Federasiýa Geňeşiniň başlygynyň bellemegine görä, häzirki wagtda Russiýada 2030-njy ýyla çenli zenanlaryň bähbitlerini göz öňünde tutýan Milli hereketler strategiýasy durmuşa geçirilýär. Zenanlar ähli derejedäki döwlet häkimiýet edaralarynda wekilçilik edýärler we ministrliklere, parlamente, Merkezi banka hem-de Merkezi saýlaw toparyna ýolbaşçylyk edýärler. Onuň sözlerine görä, zähmet bazarynda tas doly deňlik üpjün edilendir, bilim, saglygy goraýyş we ylym ulgamlarynda bolsa zenanlaryň orny däp bolan görnüşde güýçlüdir. «Biziň paýlaşmaga mynasyp tejribämiz köp we dünýäde durnukly ösüşiň hem-de howpsuzlygyň bähbidine üstünlikli tejribelerimizi alyşmaga biz açykdyrys» — diýip, Matwiýenko belledi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 week ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir→