6-njy oktýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda «Parahatçylygy saklamakda we durnukly ösüşe ýetmekde zenanlaryň orny» atly Halkara zenanlar dialogyna gatnaşmak üçin ýurda gelen Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenkony mähirli garşylady. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi. Bu ýerde bolan duşuşygyň barşynda Russiýanyň parlamentiniň ýokarky palatasynyň ýolbaşçysy mähirli kabul edilendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Gahryman Arkadagy dünýä belli syýahatçylyk zolagynda geçirilýän giň möçberli halkara çäreler mynasybetli gutlady. Şeýle hem ol pursatdan peýdalanyp, Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň Gahryman Arkadaga we Türkmenistanyň Prezidentine iberen salamyny we rowaçlyk hem-de abadançylyk baradaky iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Gahryman Arkadag hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, Russiýa Federasiýasynyň Prezidentine özüniň iň gowy arzuwlaryny beýan etdi hem-de Hazar deňziniň ajaýyp kenarynda geçirilýän halkara çärelerine gatnaşmaga iberilen çakylygy kabul edendigi üçin Walentina Matwiýenko minnetdarlyk bildirdi. Duşuşygyň dowamynda bellenilişi ýaly, häzirki wagtda Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky gatnaşyklar dürli ugurlar boýunça sazlaşykly ösdürilýär. Biziň ýurtlarymyz BMG-niň, GDA-nyň we beýleki halkara düzümleriň çäklerinde netijeli gatnaşyklary giňeldýärler. Şeýle hem ýokary derejede geçirilýän duşuşyklaryň we gepleşikleriň jemleri boýunça gazanylýan ylalaşyklar özara bähbitli esasda durmuşa geçirilýär. Bellenilişi ýaly, bu gatnaşyklar berk dostluk we özara hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýar. Häzirki wagtda iki dostlukly ýurduň arasyndaky netijeli syýasy-ykdysady gatnaşyklar, şol sanda ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ugry boýunça ýola goýulýan hyzmatdaşlyk yzygiderli ösdürilýär. Parlamentara gatnaşyklary halkara hyzmatdaşlygynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Munuň özi özara tejribe alyşmakda we parlamentara gatnaşyklarynyň netijeli häsiýete eýe bolmagynda ähmiýetlidir. Şunuň bilen baglylykda, Hazar deňziniň ajaýyp kenarynda geçirilýän giň möçberli halkara çäreleriniň netijeli gatnaşyklaryň mundan beýläk-de sazlaşykly ösdürilmegine kuwwatly itergi berjekdigine ynam bildirildi. Aýratyn-da, «Parahatçylygy saklamakda we durnukly ösüşe ýetmekde zenanlaryň orny» atly Halkara zenanlar dialogynyň işine üstünlik arzuw edildi. Duşuşygyň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri hem-de Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenko birek-birege berk jan saglyk we jogapkärli döwlet işlerinde mundan beýläk-de üstünlikleri, Türkmenistanyň we Russiýanyň dostlukly halklaryna bolsa, rowaçlyk we abadançylyk arzuw etdiler.