Şu gün — Hatyra güni. Türkmenistanda 1948-nji ýylyň Aşgabat ýertitremesiniň pidalary, şeýle hem Watan goragynda, söweş meýdanlarynda wepat bolan gahrymanlar hasrat bilen ýatlanylýar. Aşgabatdaky «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumynda geçirilen gül goýmak hatyra çäresine Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow gatnaşdy. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumynda «Ruhy tagzym», «Milletiň ogullary», «Baky şöhrat» ýadygärliklerine gül desselerini goýdy. Türkmenistanyň Prezidenti bu gün ýurtda Hatyra gününiň geçirilip, öten-geçenleriň ýatlanylýandygyny aýtdy. Şeýle hem döwlet Baştutany öten-geçenleri hatyralap, gül desseleriniň goýulandygyny belläp, berilýän sadakalaryň, edilýän doga-dilegleriň kabul bolmagyny dileg etdi. Hatyra çäreleri tamamlanandan soňra, Türkmenistanyň Prezidenti bu ýerden ugrady.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 20 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir→