Prezident Serdar Berdimuhamedowyň çakylygy boýunça Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew 7 — 9-njy oktýabrda Türkmenistana iş sapary bilen geler. Bu barada özbek Lideriniň Metbugat gullugy habar berdi. Özbegistanyň Prezidenti «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Merkezi Aziýa döwletleriniň we Azerbaýjanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygyna, şeýle hem Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň nobatdaky sammitine gatnaşar. Konsultatiw duşuşygyň gün tertibine özara syýasy-diplomatik hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de berkitmek, söwda-ykdysady gatnaşyklary çuňlaşdyrmak, energetika ulgamyndaky hyzmatdaşlygy giňeltmek, daşky gurşawy goramak we howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak boýunça bilelikdäki çäreleri görmek, medeni, bilim hem-de ylmy aragatnaşyklary ösdürmek meseleleri girizildi. Şeýle-de onuň dowamynda sebit we halkara gün tertibiniň wajyp meseleleri, parahatçylygy, durnuklylygy ham-da howpsuzlygy üpjün etmek boýunça pikir alyşmak göz öňünde tutulýar. GDAnyň Döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisinde Arkalaşygyň çäklerindäki köptaraply hyzmatdaşlygyň jemleri jemlener we ony mundan beýläkde ösdürmegiň geljegine garalar Çäreleriň netijeleri boýunça bilelikdäki resminamalar toplumynyň kabul edilmegi göz öňünde tutulýar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 day ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir→