Gyssagly habar: Öýde ýeke galan ýedi çaga ýangynyň pidasy boldy
2021-nji ýylyň 23-nji fewralynda takmynan sagat 22:00 töweregi Daşoguz welaýatynyň Gurbansoltan eje etrabynyň Bamyly obasynyň ýaşaýjysy Didar Çaryýewiň öýünde ýangyn emele gelip, öý eýesiniň mekdep ýaşly we ondan hem kiçi 7 sany perzendi aradan çykan. Bu barada biziň öz habarçymyz wakanyň şaýatlaryna salgylanyp, habar berýär.
Obadaşlarynyň aýtmagyna görä, ýangyn dörän wagty Didar Çaryýew, onuň aýaly Sähragül we maşgalanyň beýleki iki sany çagasy goňşy obadaky garyndaşlarynda myhmançylykda bolanlar.
Habarçymyza mälim bolşuna görä, öýsüz galan Çaryýewleriň maşgalasy Gurbansoltan eje etrabynyň häkimligi tarapyndan waglaýyn ýaşaýyş jaýy we zerur serişdeler bilen üpjün edilen. Obadaşlary hem Çaryýewleriň maşgalasyna ýerli-ýerden goldaw berýärler.
Waka boýunça deslapky derňewi etrap prokuraturasy alyp barýar. Kanun goraýjylar ýangynyň döremegine öýde gurnalan we tebigy gazda işleýän ýyladyjy ulgamda dörän näsazlyk ýa-da olary ulanmakdaky seresapsyzlyk sebäp bolandygyny çaklaýarlar. Bu barada goşmaça maglumatlara garaşyň.
Dashoguz.live saýtdaky gynançly täzelik. Ýangynyň pidasy
-
Merdan1981
3 years ago
- Dogry aýdýaň. Hudaý gorasyn
-
Perhat Sabirovv
3 years ago
- Siz Daşoguzlymy?!
-
yekejam.
3 years ago
- Her name bolsada Alla shypasyny bersin
-
sssss_1
3 years ago
- Pahyr etrapdaşlarym, ruhuňyz şat bolsun! Alla iman bersin!
Nähili pajyga bu? Çagalaryň ata-enesine we doganjygyna aýden: ýagdaýyňyza şärik men! Gynanmakdan peýda ýok özüňizi gynamaň!
/Ýolagçy/
-
Black Wolf
3 years ago
- Estagfyrulla alla gorasyn
-
sssss_1
3 years ago
- yekejam. 7 minutes ago
Her name bolsada Alla shypasyny bersin
@yekejam, ölen adama "shypa bersin" diýýäň. Bu senin samsyklygyňmy ýa akmaklygyňmy?
/Ýolagçy/
-
Dowsypat00
3 years ago
- 7 çagany öýde ýeke goýup myhmançylyga gidip,ata-enesinde kelle ýok eken.Bir zerur ýere gitmeli bolanda-da ulurak adamlardan haýyd edip,goýup gitmeseň bolonok.Aýaly öýde galaýmaly eken.Çaga hemme ýerde opasny bolýar.
-
BeZZaT.
3 years ago
- Gynandyrjy yagday onca adam aradan cykan bolsa gazdan basga sebap bolup bilmez gynansakda gazdan betbagtcylyklar kop dus gelyar
-
BeZZaT.
3 years ago
- Alla gorasynda
-
Jupiter_Fire
3 years ago
- Gynançly habar :(
Allah galanlara sabyr bersin
-
Mr.WriTer
3 years ago
- Allah Gorasyn!
-
Tiko
3 years ago
- Bäh..
Alla gorasyn
-
soho
3 years ago
- @Dowsypat00, meñem ilki kellame gelen "yurekli ene-ata eken:ay bular, 7 çagany yeke goyup, gije myhmançylykda bolsalar"
EstagfurAlla...
Allah sabyr bersin, yzyndakylara...
-
soho
3 years ago
- @Dowsypat00, meñem ilki kellame gelen "yurekli ene-ata eken:ay bular, 7 çagany yeke goyup, gije myhmançylykda bolsalar"
EstagfurAlla...
Allah sabyr bersin, yzyndakylara...
-
yekejam.
3 years ago
- Yolagcy men olen ol neresse cagalara shypa bersin diymedim.Ene-atasyna Alla shypa bersin diydim.Doly dusunman okamagyñ bu seniñ akmaklygyñ ya-da samsyklygyñ bolup biler.Añ-dusunjesi bar adam bolanlygyñda dusunerdiñ ôleniñ yzyndakylara shypa bersin,giñlik bersin diyilyanine.Bizde yzynda galan adamlaryna seyle diyilyar.Ya siziñ yasayan yeriñizde bu sozler basga manyda ulanylyarmy?
-
Гость
3 years ago
- Wah yzy ýarasyn.ALLAŇ özi gorasyn
-
Гость
3 years ago
- Bamyly haýsy obasyka?öňki ady nämeka
-
LUKMAN_GYZ
3 years ago
- Alla gorasyn!
-
Sada...
3 years ago
- Hernamede bolsa Allajan eje- kakasyna sabyr bersin,owez ogluny bersin.
-
LadaKalina.
3 years ago
- Yzy yarasyn.
Hasam çagalañ ene-atasyna gynanyan nadip yashamaly bu yalançyda, pishologik taydan gaty ezyet çeker, allahym sabyr we masgala shypa bersin
-
BeZZaT.
3 years ago
- Yekejam. goh turuzma gayrat et
-
yekejam.
3 years ago
- Hany nirede goh turuzdym men.Gep yok yere dawa baslamañ
-
BeZZaT.
3 years ago
- @Yekejam. Yolagcy bn sanasyp dursuňa yaňy
-
Arslanova.L_05
3 years ago
- xiii waxx Huday saklasyn.wai Alla gorasyn.@dowsypat00 dogry aytyan chaga opasny ene etasy beydip gitmelem dalkenda juda zerur bolsa garyndashy ya gonshusyna tavshyrmalyken:((((gynandmm
-
korpejik
3 years ago
- Aglatdy bu ALLAMJANYM jayyny nurdan doly jennetden eylesin cagajyklaryn...(in agyr zat ata oz cagajygynyñ tabydyny egninde gotermeli bolsa,perzend dagy gaty agyr degyar...)yakynda bir garyndashymyn dort yarym yashlyja gyzy yogaldy ejesi strese dushup galdy...bir caganyn derdi sheyle stres bolyar.. bulary bolsa goz oñuñe getirmek juda ejizlik kyn...bu cagajyklaryn eje kakasyna ALLAHYM MEDET BERSIN INSHALLAH....
Perhat Sabirovv 3 years ago- Biwagt ölümden özi gorasyn