Yshkyñ adasynda garashyan saña, Synan göwne tekge boljak bolsañ söy, Köreyän kalbyñy bagsh edip maña, Erkim elden alyp biljek bolsañ söy. Dermansyz dert berme shirin janyma, Päk söygiñe teshne mähribanyña, Güler yüzüñ bilen gelip yanyma, Mährimi mähriñe garjak bolsañ söy. Gülap suwy bilen yuwup yüzümi, Saña bagsh edeyin, ömrüm, özümi, Garashdyryp yolda goyman gözümi, Mejnun kibi söyüp biljek bolsañ söy. Ummanyñ düybünde saklap syrymy, Asmanda parladyp ganat-perimi, Güllere besleyip ene yerimi, Yagysh bolup yagyp biljek bolsañ söy. Barlygyñda señ demiñden güych alyan, Yigitler ichinden seni saylayan, Guwwas bolup señ mähriñi boylayan, Galan ömre dowam boljak bolsañ söy! Azatgül Hojaberdiyewa.

Köneler, Bayramsoltan tarapyndan 11 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir