Bu waka gyş paslynyñ sowuk günlerinde bolupdy. Ine bir günem bir özim öýde galmaly boldum, daşary eýýäm bir neme garañkylap, howada sowapdy. Menem öýde, öz otagymda otyryn, çaý içmek niýet bilenem, aşhana bardymda bir käse çaý taýýarlap, otagyma tarap ýöredim. Ine birdenem howlyñ daş tarapyndan, bir hili çagañ sesine çylymdaş bir ses geldi, has dogrusy bir kiçiräk gyzjagazyñ agy sesidi. Bilmedim gorkudanmy nämemi, ol çykýan ses hamana maña tarap golaýlaýan ýalydy, menem nämedigini bilmek üçin daşa çykmakçy boldum, egnimem ýeñil geýinilgi bolansoñ, gapyñ işiginde asylgy duran penjegimi aldymda aýagymada tomus aýak gaplaryndan birini geýdim. Daşary çykdym, dogrusy menin içimi gorky gaplapdy, elimede bir zat alaýyn diýsem, aljyrap ele ilenem bir kiçiräjik agaç bölegi boldy. Ine ýuwaşlyk bilenem howlyñ daşyndan eşidilýän sese tarap ýöneldim, ýöne näçe golaýlaşdygymçada çykýan ses, has-da ýuwaşap başlady, görsem haýatymyzyñ bir gyrasynda bir gara (adam eşigine) meñzeş zat ýatyr. Menem nämedigini bilmek üçin, oña tarap ýöräp ugradym, gorkydan ýaña aýaklarym ýuwaşady, edil ýanyna barmasamda, çala golaýyna barmaga çalyşdym we: -eeý kim bar, diýip gyýgyrdym, emma hiç hili ses çykmansoñ. Gorkyma şol ýatan zada elimdäki agajymy okladym, ýöne bu gezegem hiç hili hereket bolmady, bir az arkaýynlaşyp, demimi dürsedim. Birdenem arka tarapymda hälki eşiden gyzjagazymyñ gülki sesi ýañlandy, tisginip yzyma baksam, bir adam kölegesiniñ, howlymyza tarap girenini gördüm. Menem onuñ yzy bilen ylgap diýen ýaly öýe tarap ugradym, emma öýe barsam gapymyz ýapyk, bu ýagdaýy görüp hasam ýüregim çaltlyk bilen urup başlady. Aýlanyp öz otagymyñ penjiresine tarap barsam, öýdäki çyralaryñ ählisi öçük, diñe komýuterimiñ manitory yşyklaýardy. Ýene yzyma gapa tarap ugradym, barsam bu gezegem gapy ýapyk. Men öz ýanymdan "öýde biriniñ barlygyny" bildim "dogry eger biri bolmasa, men çykan wagtym ýanyk duran çyralaryñ öz-özi sönmäge haky ýok ahry.." Daşaryda, bir neme howa yzgarlap, hasda sowap başlady. Dogrusy näme etjegimi bilemokdym, kellämede hir hili pikirler gelýär. Birdenem hammamyñ penjiresiniñ açyklygy ýadyma düşdide, ylgap jaýyñ arka tarapyna bardym. - Dogrudanam açyk, ýüregim gorkudan ýaña ýarylsada, mende sähelçede bolsa öýe girmek umydy bardy. Garaz eýtdim-beýtdim şol penjireden hammama girdim. Ýuwaşlyk bilenem gapysyndan öýüñ içine, garañkyda bolsa göz gezdirdim, emma dym-dyrslyk, hiç zat görünenok, otaglaryñ içi tümlük bilen gurşalan. - Dogrusy, ýaşym ulam bolsa şol wagtky gorky ýaly duýgy, heniz ömrümde hiç görmändim. şeýdip ýuwaşlyk bilen oz otagyma bardymda dessine çyrany ýakdym, bagtyma hiç kim ýok eken. Ýöne zalyñ ugry tümlük bolansoñ kän bir añyrlaryny saýgaryp bolanokdy, göwnüme bolmasa şol garañkylykda biri bar ýaly bolup durdy. Gorkymada elime ilen zady, kitapdyr, depderlerimi şol ýere zyñyp başladym, ine birdenem oklan kitaplarymyñ biri bir zada degen ýaly bolup gitdi. Ol barmanada näbelli bir zadyñ ylgaýan aýak seslerini eşitdim, ýöne bu gezek maña tarap dälde, gapa tarapdy. şeýdip ýañky nä belli zat, oýden daşa, gapydan çykyp gitdi. Menem onuñ yzy bilen ylgasamda, emma nämedigini bilip bilmedim. Yzyndan howla çykysam, ýere gözüm kaklyşdy, seretsem ýañky zadyñ aýak yzlaryna gözüm düşdi, ýöne ol yzlar adamyñ yzlaryna gaty bir meñzäp baranokdy, dogrusy menä bilip bilmedim. şeýdip öýe tarap ugradym, gapylaram mazaly ýapyşdyrdymda bütin gije ukusyz oturup geçirdim. Indi kä wagtlar şol günki wakany ýatlasam, gorkudan endamym jygylap gidýär. Ol gün indi meniñ, ömür ýadymdan çykmaz:-)

Köneler, makgush tarapyndan 12 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir