Bir adam täzeje maşynyna yene bir gezek guwanmak üçin öyünden çykan badyna, üç yaşly oglunyn arkaýynlykda elindäki çekiç bilen maşynyň kapotyny urup durandygyny göryär. Ylgap barypdyr-da, gaharyna bäs gelip bilmän, çagasynyň eline çekiç bilen urmana başlapdyr. Köşeşip, özüni dürsänsoň, eden işine akyl yetirip, ogluny hassahana äkidipdir. Lukman, çaganyň yenjilen süňklerini halas etmek üçin elinde baryny etse-de, bu iş ona başartmandyr. Oglanjygyň iki elinin barmaklaryny kesip aýyrmaly bolupdyr. Çagajyk operasiyadan çykyp gözlerini açan badyna, sargyly ellerini göryär we çaga sadalygy bilen: “Kaka, seniň gaharyňy getirdimmi….Barmaklarym haçan täzeden çykar?” Çaga saçaga iyyän zadyny dökse ya-da bäbegiňizin aglayanyny eşideňizde bu hekayany yatlaň. Söýýän adamynyzyň eden etmişi üçin sabyr käsäňiz dolan pursatynda, birazajyk pikir ediň. Maşynlar bejeriler, emma yenjilen süňkler we ynjan duygular hiç-haçan dikeldilmez. Ynsan yalňyşyp biler. Hemmämiz yalnyşyarys. Emma gahar bilen edilen işler, ömrün ötyänça puşmanlykda yaşamagyna sebäp bolup biler. Hereket etmezden öň duruň we pikirleniň. Sabyrly boluň. Düşünjek boluň, söýün…

Köneler, Ayyuzli tarapyndan 11 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir