Dostuň bolsa, nirde bolsun, parhy ýok, Bir obada, bir şäherde, ýa daşda, Baryp, görüp bolmajak bir ülkede, Ýa ýürekde ýaşasa, bimahal ölüp, Ýöne dostuň bolsa, dost bolan bolup, Ilkinji öwrümde düşüp galmasa, Maşynyňdan, motoryňdan, tigirden, Hem yzyňdan daş zyňmasa goşulyp, Duşmanyňa, özi özüne duşman; Dostuň bolsa, bir ýa iki, parhy ýok, Ýöne duşmanyň bolmasa, Duşmanyň arzyny gaçyrýan hemem Duşmanyň bolanna etdirýän puşman.

Köneler, student3 tarapyndan 12 years ago
    Younglord 12 years ago
  • :up: gaty gawyja goşgy eken
    1merdan 12 years ago

  • Dünýäden nesibäň göterlen güni
    Dosty-ýar kän,
    Hossar kän toýyň toýlajak,
    Al-şerap aýlajak,
    Al-şerap içjek!
    Emma gerdeniňe alyp ýüküňi,
    Hany, seniň jiger derdiň çekişjek?!
    Mydam depesinde göterip ýörmän,
    Günleň biri bulap urýar keç pelek.
    Ine, şonda paýlaşmaga derdiňi
    Jigerdeş,
    Bagyrdaş,
    Ýürekdeş gerek!

    ...Gursakdaky derdim geçende çenden,
    Men daglara gidip,
    Derdimi aýtdym.
    Daglar meni göterdi al-asmana,
    Men daglardan
    Dag deý
    Beýgelip gaýtdym!

    Ýürekde hesretim edende heläk,
    Beýewana baryp aýtdym men derdim.
    Hydyr gören çöller ruhum täzeläp,
    Berdi maňa dünýä ýaly giňligin.
    Üýşüp-çaşyp toý meýlisler sowylýar,
    Emma derdiň ýeke çeken ýagşydyr.

    Gussaň bölüşmäge derdiň bolmasa,
    Baş alyp
    Daglara çykan ýagşydyr!

    Bu dünýäniň syry kändir darydan,
    Hoş günüňde tanap bolmaz päk dostyň.
    Mydam saňa tanap berer Ýaradan
    Agyr günde dert çekişjek hak dostyň
    1merdan 12 years ago
  • Dosty näçe söýseň-söýip ýörmeli,
    Oňa näçe sepaý etseň az ýaly.
    Ýokdyr dostyň gymmady, ýa arzany
    Dost dost bolar oňa janyň bermeli.

    Ýöne ol janyňy almaz hiç haçan,
    Şoň üçin gar gyşda galanny bilseň.
    Ýyrtyk jübüsinden işlige gaçan,
    Iň soňky otlyçöp dänesi bolsaň
    (G.Eziziow)
    mahribanjan 12 years ago
  • dost ajyny dusham suyjuni sozlar.
    mahribanjan 12 years ago
  • dost ajyny dushman suyjuni sozlar.
    Ayjagash 12 years ago
  • gowy goshgular. barynyza kop sag bolsun.
    makgush 12 years ago
  • Gowy goşgy.
    Bayramsoltan 12 years ago
  • Bir gun soygi bn dostluk totanleyin dushushupdyrlar. Soygi gownuyetmezchilik bn dostlukdan sorapdyr: - men adamlara has yakyn, sen nama gerek?! Dostlugam shonda: - sen gidenson, yzynda galdyran gozyashlaryny supurmek un- dp jogap beripdir.

    Dostluk mukaddesdir!


    Berekella, meylis! Gowy yazypsyn. Sana doredijilik aleminde ustunlik arzuw edyan.
Teswir ýazmak üçin Içeri gir

© talyplar.com 2007-den bäri diri