obamyzda bir abraýly maşgalanyň, gurply maşgalanyň narkoman ogly bar. adyna myrat diýeli. ol oglan bir döwür öýlenipdi, özi entägem ýaş, bolsa 30-33 ýaşyndadyr. şol öýleneninden az salym geçip, geçmänkä narkoman bolany belli boldy. onsoň şondan bäri onuň kakasy her zat edip gördi: keselhana iberip gördi, ldp iberip gördi, türmä(ogurlyk üçin) iberip gördi, urup gördi we ş.m. peýda bermedi. ahyr soňy, ol ýüzi gara seretmezligi ýüregine düwdi. ol oglan men entäj mekdep okuwçysykam, mundan 8-9 ýyl öňm biziň daşarda durýan legenlerimizi we bedrelerimizem ogurlan ekeni. men öýdäkileriň nädip bilenini bilemok, ýöne kakam maşyndan düşüp oňa käýäni ýadymda. kakasynyň ýüzi üçin, ýüregini agyrtmazlyk üçin, şol ýerde ol mesele galdy. ýöne görlüp otursa, ol oglanyň(adamyň?) gün saýyn pisi hasam çykan ekeni.
Bir narkoman barada [bolan waka]
-
Kurtoy
12 years ago
- Yzy
onsoň şu baramda, "ujasly tragediýanyň ikinji bölegi" bolup geçipdir. biziň obamyzda bir maşgala barmyşyn, içindäki myş-myşlar köp, detallaryna girmekçi däl. şol öýüň gelini, äriniň aýal doganlary bilen oňuşanokmyş. aýal doganlarynyň birem baý, köp magazini bar. onsoň olar jaý üstünde urşýamyşmy...
garaz şol aýal dogan, diýeli ady maral, öz jigisiniň gelni bahary(diýeli) öldürmegi zakaz edipdir şol myrada. ol baharyňam eýýäm birnäçe çagasy bar, ulyja özlerem, baharam şol 30-33 ýaşlarynda. özem myrat bilen klasdaş...
onsoň bir gün maral öz gyzy(ulyja gyz, 7-8 klas) iberýä baharlara, olaram goňşy özlerem. "gör mamaň açmy?" diýip. olaryň mamalaram baharlarda bolýa. ol mamanyň kellesi üýtgäpdir, sebäpleri barada hem myş-myş bar. garaz asyl sebäp, ol gyz baharlarda başga del adamyň ýokmy barlygyny görmekmişin. hiç kimiň ýoklygyny bilensoňlar, işe myrat başlapdyr...
ol bir uly jorabymy, çulkinimi geýipdir, "göz ýasapdyr", ýüzüni gara boýapdyr we eli töňňeli giripdir öýüne. gijäň içi, çagalarynyň ýanynda ýatan bahary süýräp alypdyr, şol gün kiçijik gyz jigisem gelen ekeni baharlara ýatmaga. baharyň äri rejep(diýeli) 15 günlükde işde bolansoň, öýde diňe bir erkek adam bar ekeni. olam kellesi üýtgän ahmet(diýeli). onam myrat zynjyrlap daňypdyr, gorkuzandyrda...
çagalarynyňam, baharyňam ýüregi ýarylanmyş, çygyryşyp, gygyryşyp durkalar, olary daşyndan gulplapdyr myrat. baharam süýräp başga jaýa geçirip... töňňeläp başlapdyr!
olaryň gykylygyny bir eşidýän bar bolsa, olam marallar bolmaly, zakaz eden marallar...
onsoň ony urup-urup, öldürdim edip gidendir diýen wersiýa bar. başga has ýaýraň wersiýa görä, gowy suwyny çykaransoň "arman klasdaş bolýaň, öldürmäýin diýýän" diýip gidenmişin. ol baharyň endamynda abat ýer galmandyr, ýene bir-iki urgy öldürjekmişin ony...
-
Kurtoy
12 years ago
- Yzy :D
onuň kimligini çaklap, şol klasdaş myratdygyny pikir edýär ekenler. onsoň ol samsyk eli töňňeli ýene gelipdir bir gün, onda baharyň äri bar ekeni. soňunda ony tutupdyrlar. bahar şol süýrelip, urlanda, jan howuljyna myradyň elini gemiren ekeni. mentlere "elinde dişiň yzlary bolmalydyr" diýenmişin. onsoň görseler, hakykatdanam şeýlemiş. üstesine, myradyň geýip ýören jemriniň içinde her hili açar, atagzy, pyçak ýaly zatdan dolumyş. halys kellesini ýitirendirdä...
bu waka hemmeleri gorkuzdy. her kimiň öýünde eşek ýaly goýun it bar indi. beýle ýagdaý öňä bolanokdy. sssr döwründe gulp zadam ýokdy obada. aý mundan 3-4 ýyl öňem, janyndan iren narkomanlar özlerini öldürýädiler. indi bolsa...
indi gürrüňiň iň gynançly ýerine geleli. myrat tutulansoň, maral barada hemme zady gürrüň beren ekeni. maralyň gyzam aslynda jogapkärçilige çekilmeli, ýöne çekmändirler. men olary şu gezek gidemde poçtanyň jaýynda gördüm. poçtanyň bir ýykyk jaýynda ýaşaýalar...
bahar bir perişde däldir, ýöne ol näme hem bolsa, ony öldürmek çäre däldirä?! ine oňuşmaýan maşgala...
indi gynançly ýeri. myrada näçe ýyl kesilenini bilemok. onuň sudyna onuň öýünden hiç kim gatnaşmandyr, kakasy meret aga hem ondan bizar, ölümini dileýä. maral bolsa... oňa başda ýyl kesipdirler. ýöne baý bolansoň, pul dykyp, ilkä ýyly azaldypdyrlar. soňam "kellesi üýtgän" diýip dälihana ýerleşdiripdirler. indi hem ýene pul dykyp özüne aýry otag aldyrjak bolup ýördiler. belki pul berip aministiýada çykaram?! gadyr gijesi ýakyn özä...
Ay indâ sony.
-
kabmin
12 years ago
- mmmbäh!gynanyan dos! oglana jalko...haramzada narkomanlar dynmadymay entegem?///
narkomany bejerip bollanokmyka inni turkmenistanda?
-
ependi
12 years ago
- bäh
-
AHAL
12 years ago
- kriminal ekena obanyz.
-
Kurtoy
12 years ago
- kriminal ekena obanyz.
ahal | 2012-01-14 04:25:52
Hahaha ahal dost sena ońaraydyńoe men bu ogurlyk waka diyip belgilerde beledima how yöńe size yetirâyin diydim söygiden doyan bolsanyz:D
Kriminal wakada gyzyklyrakda
-
Angeldi
12 years ago
- Ola narkotik ekeni nesip bolsa geljekgi chagalar chilimiñem nämedigini bilmezler.Döwletimiz gowulyga tarap.Sag bol dost wakany paylashanyñ üchin
-
AHAL
12 years ago
- kurtoy sen gaty kurtoy obanyz bar ekenay. Yo gaty gowy yazgy, icheri ishler ministrliginin jenayat agtarysh bolumine shohrat. Gowy ishleyaler.
-
Kurtoy
12 years ago
- Ahow ahaljan ogurlyk tema how bu dushun))) bu zatlar MEN 2 yyldada yazyp bilmeyana yöńe 1 min kopyiya edip bilyan ekeniń ( cishen bolyan smaylik)))$$$$
-
Kurtoy
12 years ago
- Bilyan ekenim*
-
AHAL
12 years ago
- yok yok doss sen kurtoy oglan bolanson aytmana chekinyansin men yazdym diyip. Yone men bilyana, menden zat gizlap bolmaya hahahhaha
-
Jeihun07
12 years ago
- adam bardyr-gyzyl alma nagshydyr, adam bardyr haywan ondan yagshydyr.
-
Kurtoy
12 years ago
- Ahal dost utandyrmasama how dos kurtoy ada seretme !
durmushda menden yuwash oglan yok yöńe halys kela gelen lakam bolaydylay)))
-
jumanji
12 years ago
- eee wab$e detektiw gören ýaly boldum.
-
AHAL
12 years ago
- utanjak bolup durmada kurtoy. Kurtoylar ozine kurtoy diymeya hich hachanam. Senem sholar yaly kurtoylardansyn, kone kurtoylardan.
-
makgush
12 years ago
- mmbä şeý diýsene? Sagbol ýetireniň üçin, bir azajygam bolsa kino gören ýaly boldum!=)
-
mavibonjuk
12 years ago
- huday saklasyn,oglanyn ene atasyna gynandym.ne gunluk bn yetilyar caga oda beyle bolupdyr.caga bolanda kop masgala oglan gyz saygaryara shony saygarman.dine dilemeli Hudayjan,12 sunni abat bolup,musulman biri bolsyn dp.
Yetirenine sag bol.
-
AHAL
12 years ago
- haramlyk etmejek bolmaly. Edilen haramzadalyk ir ya da gich ozinden chykar, ya da chagalandan chykar.
-
mavibonjuk
12 years ago
- ahal dogan cagan name gunasi bar barde.her kimin gunasi oz yakasynda dalmi?cagalaryndan cykar diyipsina
-
AHAL
12 years ago
- chagalana haram puldan iydirsen, haram puldan geydirsen. Pul uchin adamlan ykbalyny yumursan, dine chagandan chykmaz 7 neberandenem chykar. Gargysh sheyle bir erbet zat.
-
metehangokdepe
12 years ago
- hudaýa $ûkir $uwagta $ol yowuz bela bar yerini e$demak sagaman dynnyk ndi bir gelmawersin
-
Jemka91
12 years ago
- Menä bujagazam puluñ etdirýän oýunjyklarnyñ birimikä diýýän...köplenç özüne buýrup bilmeýän pully adam $eýle ters ýolda bolup biler, belki.
Ýöne $ony satanlarda has uly günä bar(meñ $ahsy pikirim)
-
vipboy
12 years ago
- + mowzuguna
-
AHAL
12 years ago
- yo wapshe kurtoy tema. mendenem +
-
student3
12 years ago
- ine munyn hakyky gyzykly eken berekella!$eydip bet temalar acynda!
-
Younglord
12 years ago
- Be gaty gynancly waka eken. Nädip yürek edip bildikä. Aslynda yürek bir barmyka sonda
-
Bilgi
12 years ago
- gynanchlam bolsa betje tema achypsynyz,paylashanynyza sag bolun.
-
Jasminka91
12 years ago
- Waheý gaty gynancly waka bolupdyr:(gowy tema
-
Younglord
12 years ago
- Atdasymyn sony asakdaky smailege barypdyrda
(eden isine gynanyan smaylik)
-
magnit
12 years ago
- dogry
-
phenomen2
12 years ago
- alan polun kitaplarny okan yalak boldumay :-D
-
Shajy
12 years ago
- sag bola krutoy sonuna chenli okodym gaty gyzykly edip yazypsyn
-
idealman92
12 years ago
- Hormatly prezidentimiz indi berk tutdy neşekeşleri.eýýäm ýok bolup barýar diýsegem bolar
Kurtoy 12 years ago- Yzy
onsoň bir gün ol bir goňşymyzyň eşeginimi ýa sygyrynymy daňdan ogurlajak bolup durka, özi ýaly, özünden 2-3 ýaş kiçi oglan şol öýden çykyp ony tutýa. myrada(ýaňky narkomana at berdir myrat diýip) duran bir skelet, güýç zat ýok onça ýylyň narkomanynda. onsoň muny şol öý eýesi oglan ýençmäge taýynlanyp durka, myrat gynyndan mal soýulýan pyçagy çykaryp 3-4 gezep garnyna urupdyr munyň. soňam eli pyçakly gaçyp gaýdypdyr, bilemok biri görüpmi. özem ylgap biziň howlymyzdan geçip gidipdir, meniň doganymam daňdan kakamy mara ugratjak bolup ýör ekeni. eli ganly pyçakly, pyçagam öňüne tutup ylgap geçipdir aňarrakdan. häläm öňünde däl ekeni, bolmasa kim bilýä...
şol barmana goňşyny biziňkiler görüp, ony maşyna salyp ýolötene äkidipdirler, zordan halas edipdirler. oglan häzir gowy, ýöne pyçak urgylary öýkeninde yz galdyrypdyr, häzirem bildirýämiş.
onsoň myradyň kakasy, abraýly meret aga(adyny özüm berýän) töwella gelipdir. nätsin?! "öldürip bolsa, öldürjek. ýöne öz çagaňy öldürip bolanok" diýipdir ol pahyr. onsoň ýaňky goňşynyň bar çykdajysyny üstüne alypdyr. olaram myrady bagyşlapdyrlar.
men şu ýagdaýy eşidemde gaharlanypdym. goňşy gel "bagyşlanam" bolsa, prokuratura we mentler bagyşlamaly dälä! bu bir jemgyýede howply adam, jenaýatkär! jenaýady üçin jeza çekmeli! ýöne mentlerem, prokuratura hem "üýtgeşik işleýä" bizde...