Salam gadyrly Ýolkesiň agzalary. Menem şu gün bir mowzuk açaýyn diýdim. Gynansagam açan mowzugym ýaş çatynjalarymyzyň arasynda, ene-atalary bilen ýüze çykýan kynçylyklardan basylyp, maşgala ojagyny ýumyrýanlar bilen baglyrak. Bilmedim siz eşitdiňizmi, eşitmediňizmi, käbir ýaş juwanlar (oglan bilen gyz) halaşanlaryndan soň, iki tarapyň biriniň ene-atasy garyndaşlyk açmaga närazy bolup, durmuş gurmaklaryna garşy bolsa ýa-da gyzyny şol oglana bermeseler, gyz bilen oglan şeýleräk karara geläýýän ekenler. Olaň karary şeýleräk eken, oglan bilen gyz biri-birini alyp bilmejeklerine doly gözleri ýetensoň plan düzýän ekenler. Ol planam şeýleräk. Gyz kimem bolsa birine (ene-atasynyň beren ýerine) gelin bolup barandan soň, adamsy bilen oňuşman, her-hili bahana tapyp aýrylyşyp gaýtmaly. Oglanam kimi alyp berseler şonuň nikasynam belli wagtdan soň pozmaly. Ine şeýdibem oglan bilen gyz iki sany adam ömründe inebir guwanylyp ýörülen maşgalany bozup täzeden "süýji durmuşa" başlaýalar. Yzyna gelen gyzlaryny kime ýerleseler razy bolan ene-atada, mundan soň öňki oglanyň muny almagyna närazy bolubam durmaýan eken. Heý dünýe,dünýe. Gulak eşidenini göz görmesin diýilýänid-ä. Ody özüňe bas, ötmese kesekä. Bilmedim bu mowzukda ýumrulan maşgala ojaklaryna SIZ garşymy ýa garşy däl. Her hili adam bar. Şükür bagşy kinofilmde şeýleräk bir söz aýdylyp geçilýär. "Dünýede näçe sany adam bar bolsa, şonçada filosofiýa bar"
Heý dünýe, dünýe (maşgala bozulmalar)
-
sukomoto
13 years ago
- reklama edýäniňi boýnuňa alanyňam bir gwy zat ýoldaş adminiň kömekçisi.
tema barada, planlary geňräk ekeni. menä düşünip bimedim olara.
-
Cwetocek
13 years ago
- Sukki senem bamy gy :D JAPONLAR nahili?
-
mirasymyz
13 years ago
reklama edýäniňi boýnuňa alanyňam bir gwy zat ýoldaş adminiň kömekçisi.
tema barada, planlary geňräk ekeni. menä düşünip bimedim olara.φ
sukomoto | 2011-11-28 06:44:34
Matak dostum, menem saňa düşünmedimaý.
-
mellijan
13 years ago
- Heeeey millet nahili yagdaylaaaaar :)
-
sukomoto
13 years ago
- temaň soňuny ýazmanyňy görüp, reklama edýärow diýip oýlananymam şoldy welin, görsem reklama edýän diýip aşakda özüňem ýazaýan ekeniň. şony diýjek boldum. ertirde bolsam plýus bererdim.
swet, bar menem, seňem şoool inetden çykyp bilmän ýörşüňmi? menem gidýände, soň ýene dolanyp gelýän.
-
mellijan
13 years ago
- Kurry yuwashapsynla jigim :D sukki bardede matak diyyalermi indi sana :)
-
Cwetocek
13 years ago
- Yok men indi kan giremoga :D
-
ependi
13 years ago
- bäh geň zatlar baraý
-
sukomoto
13 years ago
sukki bardede matak diyyalermi indi sana
mellijan | 2011-11-28 07:04:40
ýoklaý meni tanaýanyny aýtjak boldy. hemmesem nikdirdä tapawudy ýoklaý.
-
sukomoto
13 years ago
- girmäniňden gowusy ýoklaý. bir girip başlasaň kän wagtyňy alýar.
-
Bravo
13 years ago
- gow tema eken. fluddan daşda duraly
-
Mahrish
13 years ago
- Durmushda bular ýaly zat bolýarmyka aslynda. Tùrkmen gyzyñ ejaplylygy muña ýol berip bilmez, onuñ mertebesi ähli duýgulardan beýik ahyry
-
Abadan
13 years ago
- Menem e$itdim,seyle yagday hakda. Gurletsenem "söygi beyikdir,ahyry söygimize gowu$ýas. Bagtly ýa$arys. Ene-atamyzam razy bolyar onson"diýýär.
Nebir masgalan abraýyny gacyrdyk diyenoklar.
Ay garaz"görmedigim görde galdy"diýilýän döwur boldy.
-
ADALATLY
13 years ago
- Aý näme her ýerde herhili adam bardyr.
daš etsin diýäýmek galýar.
-
chopanjyk
13 years ago
- raklama ishe yarady, bashagada turkmen sayt bolsa kyn gormesengiz reklama edaysengiz
-
1merdan
13 years ago
- OK GATY GOWY TEMA(ERBET ZAT BARADA)
-
AHAL
13 years ago
- beydip masgara etmow indi talyplar comy. ayypdyr, bu saytdada entek azajygam bolsa abray badyrow. nagla yazyssynlay sho tak girip okayyng diyip. sylanshygyn bolsunow azajygam bolsa.
-
ependi
13 years ago
- ahal kim?
-
mirasymyz
13 years ago
beydip masgara etmow indi talyplar comy. ayypdyr, bu saytdada entek azajygam bolsa abray badyrow. nagla yazyssynlay sho tak girip okayyng diyip. sylanshygyn bolsunow azajygam bolsa.
AHAL | 2011-11-28 08:58:35
Şu ýerdäkileňem köpüsi girýädile diýip ýazaýdym. Ahal dost, ýokarky mowzugy dolulygyna ýazyp düzedendirin.
-
AHAL
13 years ago
- ay gordimlay. menem halki okanym sho wagt yazman shu wagt yazayynlay diyip yazdym welin seretsem duzelen ekenlay. pozyp goywer jogaby.
-
mavibonjuk
13 years ago
- yuva yikanin yuvasi olmaz.Allajanym,musulman birini yazsyn dp dilemok galyar,we shonun bilen garramak,bagtly bolmak,agzybirlikde
-
AHAL
13 years ago
- hawwala hahhaa, beydip dilleshen bolup do. herhili chaga panyatiya badyramow shu dowur. shondanam bir pikir bomay do? bashda alyp gachaymalyda sho gyzy. beydip bir biguna gyz bilen biguna oglany sokup yorman.
-
sukomoto
13 years ago
- o diýýäniňem dogry welin do, şondan soň ömrüniň ahyryna çenli bagtly ýaşaýan bolsalar bolýala re.
-
Jasminka91
13 years ago
- Ölmesen her zat e$itjek,görjek adam pahyr.toba
-
Adgjmptw
13 years ago
- Bolup biläýjek zatlar. Elbetde dünýä giň bolany üçin. Bu barada men hem pikirimi ýazaýyn. Bulary ahyrky netijede esasy birikdiren zat özleriniň döreden planlary. Plan düzmek käbir ugurlarda hiç haçan giç bolmaýar. Emma, ýene-de şonçarak ugurlarda 1 minut wagt ýetmese gijä galynyp bilinýär. Indi bularyň planlaryny haçan we nähili ýagdaýda düzmelidikleri barada gürrüň etjek bolup göreliň. Iki ýaş juwan, biri-birlerini şeýle halaýardylar, şeýle söýýärdiler. Biri-birisiz ýaşamaga hem kaýyl däldiler. Emma, bu söýgüde päsgelçilik döredi, ene-atalar garşy çykdy, näme üçin? Meselem, ol ig, ol gul, ol garyp, ol baý, ol işan aga, ol çöpdüýbi, garaz şeýle ýa-da şeýleräk. Ine indi plan düzseň düzübermeli. Näme etmeli? Alyp gaçmalymy? Ýok, heniz howlukmaly däl. Perzent çyny bilen ene-ata düşündirjek bolmaly. Eger ol ene-atasy bilen bu özüniň bu wajyp durmuşy üçin maslahatlaşmaga utansa, çekinse onda bu bolmaýar we perzendiň maksadyna ýetip bilmek mümkinçiligi şol ýerde ölýär.
-
turkmenntug
13 years ago
- nirden geldi bize $eýle pes pikir.ahlak hapalygy.göýdük dü$ünjeler...TÜRKMEN nire,bular nire.eý Dogan...adam öldirmek ýaly geñ,erbet zat hasaplanar eken bir vagtlar ilimde ma$galasyna "talak"bermek...
barmagny di$läp duran utanjañ gyzlarmyz.namys üçin gylyc gemren.janyn beren ýigitlermiz...bu gün gör,nähili pes derejede pikirlenýä.dinden imandan.millilikden TÜRKMENÇILIKDEN ätletjek.ätletýän,söýgümi?bir duýga çal$yljak zatlarmy bular.nika oýunmy?...
BIZ bu güniñ eýesi.sen men.yok diýme.erkimiz ýok diýme.señ erkiñ bara agentda gyzlary aldamazlyga.señ hakyñ bara mobimetde surat dørip oturmazlyga.köcede deg$en bolup hapa sögünmäge derek.milletime ysnat getirip ýörene."ýola gel"diýmäge güýjiñ ýokmy?kän señ güýjiñ.men itni$ikde galta$yp gitsemä yrsararsyñ?!
...bir gyz "söýü$ýänim"diýip formlarda "söýgi taryhyny beýan edip ýörse".bir ýigit "ikinjim,üçünjim" diýip övünip ýörse.öz ene dilinden utansa.dinini tutmasa... millet nirä barar!!!???...
Nämä gara$jak dagy...
-
Mahrish
13 years ago
- Isendik ene ata çagasyna dù$ùnýä
-
Jemka91
13 years ago
- Beýdip gow$anyndan gowsmanynam gowy. Enen-atan raýyny ýykyp gurlan durmu$da nace gun bagtly yasarsyñ? Olaryñ diýenini edeniñ yagsy....
-
Jemka91
13 years ago
- Turkmentug dogan dogry aydyanyz soygi päkligi bn söýgidir.
-
ependi
13 years ago
- turkmentug dogry aydyan
-
kursant
13 years ago
- ohow ol gyzyn nemeligi alynanson nadip baryp bilyaka oglan
-
magnit
13 years ago
- nejep dopbakay dogry aydyan!
-
Adgjmptw
13 years ago
- Näme üçin bu planlaryny ýerine ýetirmediler? Bu biz üçin belli däl. Eger ahyrky netijäni göz öňünde tutsak, onda 1-nji planlaryndan başga, ýagny 2-nji plan bilen hereket etmek galýar. bu bolsa päk söýgüň esasynda, daş-töwereginiň prinsipial garaýşyna bakmazdan, gizlenmek, öýlerinden gaçmak ýaly hereketler bilen amala aşyrylyp bilner. Meniň bu diýdigim ene-atany äsgermezlik etmeli diýdigim däl. Elbetde ahyrky netijäni göz öňünde tutmaly. Bu bolup geçen waka, eger heniz bolup geçmedik bolsady, onda men bu barada başgaça pikir ederdim. Indi 2-nji planlary başa barmadyk ýa-da asla beýle plan düzülmedik ýagdaýynda galalyň. Onda ömürlik söýgüsinden aýra düşmeklik we tanamadyk birisi bilen toý tutmaklyk galýar. Bu ýerde perzent tanamaýan ýa-da söýmeýän ýoldaşy bilen hem bagtly ýaşaşyp bilerdi, eger özleri islese. Emma ýokardaky ýazgyda beýle däl.
-
Adgjmptw
13 years ago
- şu zatlary ýazmak bilen meniň pikirim, bu ýaşlardaky 3-nji plan, ýagny durmuş guranlaryndan soň, aýrylyşyp, täzeden birleşmek öz birinji durmuş toýlaryndan soň dörän bolsa gerek. Sebäbi hiç kim "bolýar, gel ikimiz hem durmuş guranymyzdan soň öňki durmuşymyzy taşlap, täzeden birleşeli" diýmez. Bularda toýdan soň gizlin gatnaşyk emele gelen bolmaly. şol gatnaşyk arkaly hem 3-nji plan ýola goýlandyr. Bu meniň pikirim we bu pikir bilen ylalaşman bilersiňiz. çünki dünýede näçe kelle bar bolsa şonça-da filosofiýa bardyr.
-
sukomoto
13 years ago
- adyňadöneýinjantw seňki hakykata has ýakynrak.
-
hannesli
13 years ago
- dostum senin bu temana jogap sheledir, adam ozi saylaya nikasyny hereketin senden bereketin hudaydan hereketine gora bereket beryar bereket bu ahli zad yagny hemme zadta ozune gora bolyar, shonun ucin ozun gowshasan bolmayar, janykmaly ene atada cagasynyn yamanlygyny islanok! ol dushunje duybinden yalnysh! ar namys birinji yerde durayar soygi tapylar a sen ar namysdan dushsen ony son tapyp bolmayar!!!
-
mirasymyz
13 years ago
- Men temada ene-atasy närazy bolansoň diýenimde "Hoja,işan,şyh..." ýaly tireçillik ýa-da "ig, gul" ýaly gelip çykyşynyň arassalygy bilen baglanyşykly bolansoň närazy bolýandyrlar diýmedim. Hökmanam ene-ata garşy bolanda şu agzanlam bilen baglanyşykly bolmanam biler-ä?!?!
näme, "Gyrasyny görde bizini al, ejesini görde gyzyny" diýilýän nakyl ýöne ýere dörän däldir-ä?!
Öň hem şu meselede köp jedeller bolupdy. Ýaşlar 10 ýalňyşýan bolsa, ene-atany diňlemeklik bilen 1 ýalňyşarsyň.
Ýaş juwanlar diňe öz nebisleriniň arzuwy bilen bolýalar. nebis diýilýän giden proýektler çyzyp, ine bir ajaýyp durmuşy göz öňüňe getirýär (bu hezillikler diňe seriallarda bolýar).
Onsoňam şu döwürdäki oglanlarymyzyň ýagdaýyny bilýänsiňiz. Gowylary gaty köpdür, sanap soňunada çykmarsyň. Ýöne daganlarynyňam näme diýseňem şaýady bolup durys. Käbirleri käbirleri bilen jedelleşip ony yraryn, muny yraryn oýnaşýalar (Allah şonuň ýaly doňuzlardan günüň dogup ýaşýan aralygy ýaly daş etsin, hiç kimiň maňlaýyndan duşmasyn).
meniň aýtjak bolýanym käbir oglanlaryň nähili möjegiň derisini geýendiklerini doly bilýäs-ä.
Onsoň bärde ene-ataňky ýalňyş diýen ýaly edip bir paý aýyrsaň bolmaza.
Ene-ata bolsa soraşýa, ideýä, synlaýa... garaz ýedi ölçäp bir kesýär.
-
student3
13 years ago
- "hoja,işan,şyh..." ýaly tireçillik ýa-da
"ig, gul"
$u meselede tire tirä berse dogrumyka miras aga?
-
sukomoto
13 years ago
- mowzugy okan ýaşlar, bildiňizmi indi çykgynsyz ýagdaýda nähili plan düzüp boljagyny. mirasymyzdan size ullakan kömek.
-
mirasymyz
13 years ago
- Käbir agzalar gaty görsede, araky açylan degişmelerdäki käbir musurlar ýokarky wakalaryň köpelmegine kömek etmese zyýana eder öýtmäň!
-
mirasymyz
13 years ago
"hoja,işan,şyh..." ýaly tireçillik ýa-da
"ig, gul"
$u meselede tire tirä berse dogrumyka miras aga?
student3 | 2011-11-29 05:41:07
Dogrymy aýtsam özüm-ä teke. Almaly bolanda-da, bermeli bolanda-da tanaýanlarymyz bilen garyndaşlyk açýas.
Ertir.com-da ýa-da şu ýerde tireçillik edip ýazan ýerim bar bolsada aýdaýyň. Meň özüm-ä her kimiň özüniňkä berenini goldaýan.
-
mirasymyz
13 years ago
- Ýöne zor bilen däl.
-
ependi
13 years ago
- menem özümiňkilerden alanymy kem göremokdaý
-
sukomoto
13 years ago
tireçillik edip ýazan ýerim bar bolsada aýdaýyň
munyň näme onda:
her kimiň özüniňkä berenini goldaýan.
mirasymyz | 2011-11-29 05:46:46
-
sukomoto
13 years ago
- baryňyz özümiziňki ekeniňizä.
-
ependi
13 years ago
- bu temaň işini gördüleraý
-
student3
13 years ago
- dü$nükli yöne meñ ata babam i$an hojo alyp gelya kakama cenli a men $una ahmiyet bermejek bolyan tirä seretman aljak bolyan. Mumkin tire meselede ene ata dogrudurlar.
-
mirasymyz
13 years ago
- Sukomota daş edýäňaý sen-ä. Meň şol sözüm tireparazlyk etdigim bolýarmy?
-
ependi
13 years ago
-
sukomoto
13 years ago
- tireparazlyk (özümiziňki, biziňki, öz tirämiz, arassa ganly) ýaly düşünjelerden gözbaş alýar meň pikirimçe.
özüňkini ileri tutmak bilen, sen öz çagaňy başga tirä bermekden saklanmaga çalyşýaň.
PS. meň özümem seň ýalyrakdyryn ýöne.
-
Mahrish
13 years ago
- Gaty dogry belleýäñiz mirasymyz. Ene-atanyñ diýeni bilen durmu$ gurýanlar bagtly bolýarlar. Ene-ata çagasynyñ bagtly bolanyny isleýär
-
mirasymyz
13 years ago
- Sukomota, beýleki taýpalaram özüni her kimçe görýär. Mysal üçin Magtymlarmy, şyhlarmy, atalarmy özleri öwlat bolansoň diňe özleriniňkä berýär. Muny türkmenleň hemmesem bilýär. Indi şolara sen tireparazlyk edýäň diýip dawa etseň bolmaza.
-
student3
13 years ago
- dogurdanam ene atasynyn diyeni bn durmu$ guranlar bagtly durmu$da görup yörun .är dip gacyp baranlar ya soydum diyanlen aglabasy ayryl$yalar uzaga gitmeya
-
sukomoto
13 years ago
- elbetde dawa etseň bolmaz.
ýöne şu özüniňkä bermek ýaly däpler we düşünjeler ýitýänçä, tireparazlyk elementleri jemgyýetde saklanyp galar.
-
mirasymyz
13 years ago
- Milletiň ömrüniň dowamlylygy we bakylygy, ýetişdiren nesillerine baglydyr. Milli duýgulary we milli ruhy kämil nesillere... Milletler özleriniň dowamaty üçin ajaýyp nesil ýetişdirmedik bolsalar, geljekleri tüm garaňkylykdyr. Şübhesiz, nesil terbiýesinde iň möhüm wezipe ene-atalara, maşgala ojagyna düşýär.
-
mirasymyz
13 years ago
- Maşgala – jemgyýetiň iň esasy sütünleriniň biri. Bu sütün näçe mäkäm bolsa, millet we döwlet hem şonça sarsmaz bolar. Şonuň üçin milletiň we döwletiň bu esasy sütünine juda ähmiýet bermeli. Eger-de bu mesele babatda haýal-ýagallyga ýol berilse, bu tutuş milletiň ykbalyna biparh garaldygy bolar. Ýeri gelende, milli ahlak we adamkärçilik, ruhy-ynanç esaslarymyzy göz öňünde tutmazdan gurlan maşgalalaryň milletiň bitewi ruhuna ýara salyp biljekdigini-de ýatdan çykarmaly däldiris.
-
mirasymyz
13 years ago
- Hawa, haram keýpi-sapa, ahlak bozuklygy ýaly çüýrük esaslar üstünde bina edilen maksatsyz ojak, milletiň geljegine ýagty saçyp bilmez. Şeýle ýagdaý milleti ruhy göýdüklige sezewar eder. Şeýle ojakdan diňe köçe ykmandalary ýetişer.
Gelniň hem-de öýlenýän ýigidiň kalbynda Allaha iman ýok bolsa, onda olardan önjek çagadan hem aň-düşünjelilige, akylly-başlylyga garaşmak kyndyr.
-
sukomoto
13 years ago
- üns beriň. leksiýa dowam edýär.
-
mirasymyz
13 years ago
- Düşünmedim Sukomoto???
-
ependi
13 years ago
- gowahow her kim öz tiresinden alsa do.
-
sukomoto
13 years ago
- üns bilen okaň diýýän.
-
sukomoto
13 years ago
- menä mirasymyzyň gözüne basyp ýapoşka öýlenäýsemmikäm diýýändä.
-
ependi
13 years ago
- her kimiň öz islegi
-
mirasymyz
13 years ago
menä mirasymyzyň gözüne basyp ýapoşka öýlenäýsemmikäm diýýändä.
sukomoto | 2011-11-29 06:17:43
aý dostum ýapoşka öýlenseň ýapoşka öýlenen bolarsyňda. Ýöne toýyňy hökman aýtgyn how.
-
student3
13 years ago
- Bagtly bolun dos.
-
student3
13 years ago
- Bagtly bolun dos.
-
ependi
13 years ago
- bärde howa sowuklaý do.
-
Adgjmptw
13 years ago
- Bu meselede elbetde ene-atany günäkärläp bolmaz, ylaýta-da bu ýagdaýa duçar bolan ýaşlaryň durmuşyny we gatnaşyklaryny içgin öwrenmezden bir zatlary belli bir netijä gelip aýtmak bize kyn düşer. Umuman, gowy zat bolmandyr eken. Bir hojalyk gurmak üçin iki hojalyk ýykyldy. Emma olar maksatlaryna ýetdiler. ?????????
-
Adgjmptw
13 years ago
- Men bu ýerde *tireparazlyk babatynda diňe mysal getirdim we özümiň kämil bolmadyk pikirlerimi beýan etdim. :-)
-
mirasymyz
13 years ago
Emma olar maksatlaryna ýetdiler. ?????????
Adgjmptw | 2011-11-29 09:02:00
Dostum, ody özüňe bas, ötmese kesekä diýlen söz bar. Bir bendär-ä oglumy öýerýän, oglumyň gelni bilen bagtly ýaşaşsynlarda diýip, bagtyna guwanyp ýoguny baryny orta döküp toý edýär. Ýene biri bolsa gyzymyň alyn bagty bolsun diýip, giýewsine guwanyp ýaşasy gelýär.
Indi özüň pikir edip gör.
-
Adgjmptw
13 years ago
- Umuman men size duşünmedim öýdýän Mirasymyz! Ýöne men ýene-de gaýtadan okap düşünmäge çalşaryn. Siz häzir agentda meniň bilen habarlaşyp bilmezmiň?
-
idealman92
13 years ago
- bu usul gaty ahlaksyz,türkmene gelishenok
-
mavibonjuk
13 years ago
- mirasymyz sizin aydyanlarynyz bashyndan sonuna cenli dogry,menin shahsy pikirim soygi yokmyka diyyan,dine owrenshmek barmyka oydyan,soygi hacan iki jubute nika gyylandan son bashlayandyr,diyjek bolyanym ene atan diyeni bn bolup bereninede barmalymyka diyyan,ar namys abray elden bir ucup gitse yzyny tapmaz,yone yerden diyilyan daldir dileglerde bu dunyede abray o dunyede iman ber dp.allajan abraydan we imandan ayyrmawerin hic kimi.
-
mavibonjuk
13 years ago
- ayyrmawersin
-
idealman92
13 years ago
- mavibonjuk,polnostyu soglasen!söýgä dine eje mynasypdyr.adamlar bir-birlerine ysnyshyarlar,shona-da söýgi diýýärler
-
ependi
13 years ago
- bäýbä dogry
-
student3
13 years ago
- Bir yerdä e$dipdim"bir zada ýetmek ucin beýleki bir zady gurban etmeli"
-
idealman92
13 years ago
- soyyan diyip edil beydibem samsyk hereket etmeli dal ahyryn!hany ene-ata bolan sylag-hormat???
-
mavibonjuk
13 years ago
- sps idealman pikrimi goldanyn un,ene atan un soygunden gecmeli borsynda
-
idealman92
13 years ago
- yok men garshy dal,eger bir-birlerini halasalar,ene-atalary habarly bolsalar.yone bukulyp,gizlinikde soyushen bolup,biderek zatlar etseler welin bolanokda...
a in gowy wariant-ene-atan saylan adamy bilen durmush gurmak,chunki olar sana yamanlyk etmejek adamy taparlar
-
turkmenntug
13 years ago
- ene atany sylamak,TÜRKMENÇILIGIÑ MA$GALA gatna$yklarynda iñ esasy ve iñ berk berjaý edilmeli,(doly bolmasada)berjaý edilýän bölûmi!Miras aga,bu barada siz bilen ylala$ýan.ýöne tire taýpa barada däl!TÜRKMEN milletiniñ içindäki islendik bir görnü$däki tire taýpa aýryl$ygna men gar$y!millet ovnaman,ulalmagy gerek!birle$megi gerek.agzy bir bolmagy gerek.zerur!ýogsam ...gañrybir...
Onsañam ,$eýle pikirli.(özli özüm!)atañ ogly "özge","ýat" gyzy aljak bolup ene atasyna gar$y çykmasy,ýa da ene atasy saýlan gyzyñ ma$galasyny bozup gaýtmasy.gelýän akyma dogry gelenok.biraz...$eýle keskin pikirli atañ elinde ulalan oglanda,eýýäm atasynyñ pikirlen$ ýoly bolaýmaly.ma$galada bu barada ($eýle ene atalar)irräk alada edýäler.meselem maña özge millet gyzy bilen ysny$magyn diýip gulagma guýdular.
Buny etmeýän ene ata birden ogly öýlenjek wagty adam.tire taýpa dalnan bolmasy,(avtoryn emrine gørä bolan ýaly)birhiliräk halat...:)
-
mavibonjuk
13 years ago
- turkmentug tire taypany biz dalde ene atamyz saylasa name etmeli
-
student3
13 years ago
- bir yerdä e$dipdim"bir zada ýetmek ucin beýleki
bir zady gurban etmeli" student3 | 2011-11-29 10:41:04
meñ aytjak bolanym ene atañ hatyrasyna söyguni gurban etmeli diyjek boldum!
-
turkmenntug
13 years ago
- siz (!)ene ata bolan wagtyñyzda saýlamasañyz ýeter...
-
student3
13 years ago
- ene ata biz ucin köp zadyny gurban etdiler!
-
mavibonjuk
13 years ago
- howwa siz mamla
student3 13 years ago- bah beydip birlesenden alyp gacany gowy bolaymasa 2 sanysynyn bagtyny yatyrandan huday saklasyn!