Geldik okuw diyip biz yat illere, Watanymyz sena boldy dillere, Seni deñeýärin gunça gùllere Bagy bossan, dile dessan Watanym! Ara da$ bolsada yùregmiz sende, Senamyz, gerbymyz, baydagmyz elde, Adyñy gaytalap yene we yene, Sana $irin janym gurban Watanym! Özge Yurdun duz cöregni iysegem, Olan sungatyna sarpa goysagam, Näçe gowy dillerini bilsegem, Bize sùyji seniñ diliñ Watanym! Yùregimiz uryar diñe sen diyip, Kalbym joshyar jan Watan, seni söyùp, Ulaldym sen ir iými$ini iyip, Baglarynda ballar ösyän Watanym! Sanlyja gùnlerden seni görerin, Mähire bay gujagyña dolaryn, Diñe seni, diñe seni söyerin, Hanymanym, dùnye malym Watanym!

Köneler, Auditor tarapyndan 9 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir