SAWÇY

KAKAMYRAT ATAÝEW

Hekaýa

Öwez aýaly bilen ýüzüni garaňka tutup, ýat oba sawçylyga gitdi.
-Gyýw, baraňsoň mysapyrsyrap oturmagyn, bolrak geplegin, bolrak – diýip, aýaly Aýnabat ýolda öwüt berdi...

Dowamy »

747 5
Edebiýat, Pegas tarapyndan 3 years ago

Sag boluň

Eli ýeňil, ýüregi päk lukmanlar
Sag boluň janlara derman berenler.
Hassa şypa berip, derdi ýeňletýän
Sag boluň ak halatly lukmanlar.

Ýagdaýym pes agyr alýan demimi,
Em gözläp gapyňdan geläýdim bugün,
Güler ýüzüňiz bilen garşy aldyňyz,
Sag boluň ak halatly lukmanlar.

Operasiya s...

Dowamy »

568 0
Edebiýat, Nätänyş adam tarapyndan 3 years ago

Azajygam bolsa, ýylgyryň :)))

Bugün bazardan "moda" diýip ýyrtyk jinsi alypdym. Dükana gidip geliançäm ejem ýyrtyldymyka diýip dikip goýaýypdyr
***
Başlyk: Mundan beýläk edara tanyş garyndaş almaly däl düşnüklimi???????
Işgär1:Düşnükli agam
Işgär2: Okkk kaka
Işgär3:Bor ýegen
...

Dowamy »

823 14
Edebiýat, Nätänyş adam tarapyndan 3 years ago

ON SEKIZ MANAT HAKYNDA ELEGIÝA

ON SEKIZ MANAT HAKYNDA ELEGIÝA
Enemiň hatyrasyna

Her aýda bir gezek—on sekiz manat,
Her aýda bir gezek gelýärdi yrman.
Her aýda on sekiz manat gelende,
Begenerdim. Enem aglardy,arman.

On sekiz manady kim berýär bize?
Kim unutman,otuz günden iberýär?
Ol niçiksi ýiti gözli perişd...

Dowamy »

530 4
Edebiýat, Durmus_Myradow tarapyndan 3 years ago

Şoldyryn men

«ŞOLDURYN MEN…»

Zybandan däl, kalpdan syzlan,
Sözden däl, söýgüden düzlen,
Özgelere düşnüksiz, geň,
Saňa aýan däldirin men.

Basmarlasa gam-endişe,
Gün başarmaz…Göwnüň gije,
Alysdaky öçügsije,
Ýyldyz çoýsa, şolduryn men.

Men bir lowlap giden ataş.
Ýakar öýd...

Dowamy »

527 2
Edebiýat, Mr.WriTer tarapyndan 3 years ago

Nirde bitildi - şonda bitildi

(Aýdyşyk)

Magrupy:
Bizden salam olsun molla Gaýyba,
Dünýäniň binasy haçan tutuldy?
«Küntu-kenzen mahfiýenden» habar ber,
Kelemeýi-şahadat nirde bitildi?

Gaýyby:
Gaýry salam bolsun molla Magrupa,
Hak «kün» diýdi, şol gün bina edildi;
Tuby agajynyň ýapraklarynda...

Dowamy »

641 0
Edebiýat, Mr.WriTer tarapyndan 3 years ago

Çilimkeş

Her zaman gol salyp, kisesin barlap,
Köp dünýäsi bara meňzär çilimkeş;
Yzzat bilip, bir-birine hödürläp,
Geň tagamy bara meňzär çilimkeş.

Bir oba gelende, götinläp durar,
Hemrasyny egläp, ýolundan burar,
Aza-köpe baryp, özüni urar,
Zerur işi bara meňzär çilimkeş.

Için...

Dowamy »

501 1
Edebiýat, Mr.WriTer tarapyndan 3 years ago

Maňlaýyň gara bolsa el bilen düzeldip bolmaz ekeni (bolan waka)

Maňlaýyň gara bolsa el bilen düzeldip bolmaz ekeni (bolan waka)

Ogulbagt gelneje bu gün dünýede iň bagtly zenandy.
Ol ýoldaşy bilen 12 ýyl ýaşaşyp, bu ýyllarda perzent zaryn bile çekip, bu gün doganoglan eltisiniň razylygy bilen onyň çagasyn ogullyk alypdy

Olar üç günlik bolan çagany çaga dogulýan öýinden göni ö...

Dowamy »

686 2
Edebiýat, Aakjaa tarapyndan 3 years ago

Ajy hakykat ýa-da bir gojanyň gözüni ýaşlap beren gürruňlerinden

Ajy hakykat ýa-da bir gojanyň gözüni ýaşlap beren gürruňlerinden

Tumşugy bäş garyş ýokardady ony söýenimde. Nähili elhenç gülýärdi üstümden her gabatlaşanymda onuň bilen. Zalym diýse... Oňa söýgimi beýan eden günüme nälet edip gezdim näçe wagtlap. Erbet kemsidýärdi. Ýanymdan geçende maňa şeýle bir ajy nazar oklaýardy welin, ýere gire...

Dowamy »

633 1
Edebiýat, Aakjaa tarapyndan 3 years ago

Sokratyñ "3 elegi"

Bir adam Sokrata şeýle diyipdir:
-Bilýañmi,dostuñ maña sen hakda nämeler diýdi?
-Dur,aýtjak bolyan zadyñy ilki "üç elekden" gecir-diyip, Sokrat ony saklapdyr.
-Üç elek?!
-Namedir bir zady aýtmankan ony üç elekten gecirip görmek gerekdir. Ilki bilen hakykat eleginden gecir. Munuñ hakykatdygyna ynamyñ barmy?
-Yok ,y...

Dowamy »

613 5
Edebiýat, Paris tarapyndan 3 years ago

Işanym

Haky pena bilip, saňa sygynyp,
Yhlas bilen ýörip geldim, işanym!
Ikinji Haýdaryň ýolunda ýörüp,
Üçünji äleme doldum, işanym!

Toýnak bilen dagyn-daşyn uşatdym...
. . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . .
Çoh işler gaýyryp, gala boşatdym,
Aly Zülpükaryn çaldym, işanym!

Dowamy »

527 3
Edebiýat, Mr.WriTer tarapyndan 3 years ago

"Diñdirjek bolmalyñ aglayanlary". /Dôwlet Garkyn\.

Diñdirjek bolmalyñ aglayanlary,
Goy,egissin yùreginiñ gussasyn!
Bu jahanda gam çekmàge esas bar,
Shatlanmaga bolsa iki esas kàn.

Dogyan gùneshleri mañlaya sylyp,
Yashan shapaklardan many gôzleyàs.
Kà ôz bagtymyza mùbtela bolup,
Ôzgàñ agyr hasratyny gôrmeyàs.

Aylanyp yôr hasabyna jùr wagt...

Dowamy »

518 0
Edebiýat, Bibish tarapyndan 3 years ago

Google (fantastiki powest)

1-nji bölüm.

Jahangir ýesir düşüpdi, oň ýesir düşenine-de 40 gün bolupdy. Duşman barada köp erbet zatlar aýdýardylar, ýöne näme diýselerem duşman rehimdar bolup çykdy, özem öz rehimdarlygy bilen Jahangiri örän geň galdyrypdy. Jahangiri 40 günläp diňe bakdylar, oňa hiç kim azar bermedi. Her hepdäň aýagyna bolsa, Jahangiriň ýatýan jaýy...

Dowamy »

757 3
Edebiýat, Jupiter_Fire tarapyndan 3 years ago

Adalat enjamy (fantastiki hekaýa)

—Işden kowulan Perişde göresiň gelýärmi? —Oraz sorady.

—Işden kowylan Perişde? —men geň galdym.

—Hawa, kowulan Perişde, —Oraz tassyklady.

—Bäh, beýlede däliler bolýamy?

—Bolýan eken dos, —diýdi Oraz. Özim geň galyp otyryn. 8 ýyl bäri işlesemde özine Perişdedir öýdýän näsagy birinji gezek g...

Dowamy »

766 6
Edebiýat, Jupiter_Fire tarapyndan 3 years ago

Gürleýän guýy (gyzykly waka)

Hekeýäň ady göçme manyda däl, guýy hakykatdanam gürleýär, siz muňa özüňiz göz ýetirip bilersiňiz. Süýji suwly guýy, edil obaň ýüreginde. Obaň ady üç guýy, sebäbi ol obada üç sany guýy bar, iki guýy ajy suwly, bir guýy süýji suwly. Guýular bir birinden daşda däl, el uzadaýmaly, ýöne barybir suwlary tapawutly. Biziň wakamyz süýji suwly guýy barada gi...

Dowamy »

689 0
Edebiýat, Jupiter_Fire tarapyndan 3 years ago

Klasdaşlar (täsin hekaýa)

Şu ýyl mekdebi tamamlanmyza 25 ýyl bolýar. Eger nesibämizde bar bolsa klasdaşlar bolup üýşip belläris. Bu zatlaryň işi haýyrla, ýöne meni başga bir zat alada goýýar. Meni klasdaş oglanlaryň biri alada goýýar. Men bir klasdaş oglany köpden bäri göremok. Eger haýsy klasdaşyňy görmeýän bolsaň, bilip goý. Şol klasdaşyň türmededir, —diýip bir dostum aýd...

Dowamy »

778 10
Edebiýat, Jupiter_Fire tarapyndan 3 years ago

EJEMIŇ AGLAN GÜNI

KAKAMYRAT ATAÝEW

Hekaýa

Kakamyň ejemden başga-da aýaly bar ekeni. Obada.
Baýak bir gün adaty bolşy ýaly, galmagal edenlerinde ejem kakama ýüzlenip:
-Bolman seň ol sygyr ýaly symyşlap ýatan heleýiňden zat artýarmy? – diýdi.
Men surat çekip ýatan ýerimden ass...

Dowamy »

621 5
Edebiýat, Pegas tarapyndan 3 years ago

ENE WE ÇAGA

1 ýaşyňyzdakaňyz size elleri bilen seretdi, sizi ýuwundyrdy. Bütin gije aglap, ony ýatyrman sag bolsun aýtdyňyz.

2 ýaşyňyzdakaňyz size ýöremegi öwretdi. Sizi çagyranynda otagdan gaçmak bilen sag bolsun aýtdyňyz.

3 ýaşyňyzdakaňyz size aýratyn naharlar bişirip berdi. Tabagyňyzy stoluň aşagyna dökmek bilen sag bolsun aýtd...

Dowamy »

633 10
Edebiýat, #Güljemal_Ahmedovaa* tarapyndan 3 years ago

MUGALLYM GYZ

Mugallym gyz, didäňe didämi dikip,
Bukup ýüregimde gizlinje yşky,
Seň göwnüňe ýetsem diýip, şu gije
Bagyşladym saňa sadaja goşgy.

Kine etme menden waspyň etmesem,
Waspyňa ejiz meň sözlem, aňlasaň.
Kine etme maňa nazar oklaňda
Nazaryňda söýgiň baryn aňmasam.

Söý meni!
Söý...

Dowamy »

634 8
Edebiýat, Pegas tarapyndan 3 years ago

Eje

Eje

Sen saçymy daramadyň ýel bolup,
Sen saçymy özüň bolup daradyň.
Emma bu gün şemaljagaz sen bolup,
Saçlaryma saldy soňsuz daragyn.

Sen hiç haçan ýylatmadyň Gün bolup,
Emma Gün sen bolup ýylatdy şumat.
Senli ýatlamalar, senli pikirler,
Ähli yzalarmy eýledi sumat.

...

Dowamy »

556 4
Edebiýat, loveee_@ tarapyndan 3 years ago