Sena ulugyzdyn zulplerin towly,
Menem bir mashgalan korpeje ogly.

Mena "Soyyan” diyip sayran bolardym,
Senem moncha bolup aynan bolardyn.

Hemishe gizlenip goz bilen dilden,
Bileje yorardik gumaksy yoldan.

Ir saherden baryp atyzly pele,
Ak pagta yygardyk ikimiz bile.

Kop sorag bererdim, sebap uludyn,
Gul ulkamde gozellerin guludin.

Degiship diyerdin: "Basym yigit bolarsyn,
Oylenmekchi bolsan meni alarsyn?!”

Kyndy bu sowalyn jogap tapardan,
Oylanyanym gorup, gozun gypardyn.

Kop pikir ederdim bolup haly ten,
Diyrdin: "Jogap ber-da sowalyma men!”.

"Jady gozlen ashygy men, ashygy,
Yone neyley chapraz gelen yashymy?

Tayyn baky owrulmage guluna,
Arman, lalam, yashyn menden ulu-da!

Men yigit chykyancham, ynanay, gulum,
Sen bolarsyn enche chagaly gelin!”

Bu sozlerme goz astynda gulerdin,
Shonda has owadan, ajap bolardyn.

Son diyerdin: "Omrum ahyryna chen
Garasharyn meni aljagyn bilsem.

Emma bu durmush-da etsenem gowun,
Hasyl bolayanok ahli arzuwyn.

Ate soyen soymedige chatylyar,
Ykbal aty bizden bidin chapylyar.

Ayra dushsek, hergiz gownun galmasyn,
Bir dilegim - guler yuzun solmasyn.

Omur salyn shat durmushda kurekle,
Hem soygimiz baky sakla yurekde”…

Sheydip, bezedin sen ozgan toruni,
Son asla gormedik birek-biregi.

Bir wagt owrulenson gowun shadyma,
Ynha, bu gun dushdun yene yadyma.

Mena bir mashgalan korpeje ogly,
Senem ulygyzdyn zulpleri towly.

Edebiýat, loveee_@ tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir