Tomas Edison elektrik çyranyň wolfram simlerini oýlap tapmak üçin iki müňden gowrak dürli çig mallary barlagdan geçiripdir. Haçan-da ulanylan elementler derde ýaramadyk ýagdaýynda alymyň kömekçisi: “Biziň ähli eden işlerimiz biderek. Biz hiç zat öwrenip bilmedik öýtýän” diýip zeýrenipdir. Emma, Edison örän sypaýylyk bilen şägirdine: “Biz şu geçilen kynçylyklaryň üsti bilen örän köp zat öwrendik. Iň azyndan iki müň elementiň häsiýetini we olaryň biziň elektrik çyramyz üçin niýetlenen däldigini-hä öwrendik” diýip buýsanç bilen aýdypdyr.

Edebiýat, Yazmamedow_Mekan tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir