Oňarsaň,
bar zady oňatlyga ýor,
Belki-de, ýorgudyň ýerine düşer.
Ikibaşdan, gündogarda gün dogar,
Ikibaşdan, günbatarda gün ýaşar.
***
Ikibaşdan, ýigreniler, söýüler
Kimse ýere gider, kim dörär ýerden.
Ikibaşdan, biziň köne duýgular,
Köne ýaralar dek açylar birden.
***
Köne duýgularmyz şatlyk mysaly,
Bir ajap säherde gül bolup dogar.
Oňarsaň oňat tut köňülde päli,
Oňarsaň bar zady oňatlyga ýor.
***
Ýaramaz düýş görüp, ýörme dumanda.
Ýaramazlyk bolmasa seň küýüňde,
Hanha, ýyldyz süýndi gitdi asmanda,
Çaga dogdy goňşymyzyň öýünde.


Gurbannazar Ezizow

Edebiýat, Yazmamedow_Mekan tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir